Sepleriň elýeterliligi

Eýranly mujaheddinleriň lageri Yragyň harby güýçlerine tabşyrylar


Düýn Birleşen Ştatlaryň harby resmileri Yrakdaky eýranly oppozision mujaheddinleriň ýaşaýan lageriniň gözegçiligini geljek aý amerikan güýçleriniň Yragyň öz harby güýçlerine tabşyrjakdyklaryny mälim etdiler.

Saddam Husseýniň ýurdy dolandyran ýyllarynda Yraga bosup baran Eýranyň oppozision Halk Mujaheddinler guramasynyň agzalary henizem bu ýurduň Eýran bilen serhedine golaý ýerdäki ýörite lagerde ýaşaýarlar.

Bu lageriň gorag-gözegçilik işlerini soňky wagtlar amerikan güýçleri alyp barýarlar.

Eýranyň oppozision toparlary bu lageriň gorag-gözegçilik işleriniň Yragyň güýçlerine tabşyrylmagyna garşy çykyş edýärler.

Geçen ýyl bu lagere Yragyň harbylarynyň geçiren reýdi wagtynda ondaky ýaşaýjylardan 11-si öldürilipdi.
XS
SM
MD
LG