Sepleriň elýeterliligi

ABŞ-da neşe gaçakçylygy boýunça 400 adam tussag edildi


Düýn Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda neşe gaçakçylygyna dahyllylykda güman edilýän adamlaryň 400-den gowragy tussag edildi.

Bu adamlary tussag etmek boýunça giň gerimde gurnalan operasiýa ýurduň 16 ştatyny öz içine aldy.

Operasiýanyň barşynda uly möçberde bikanun pullaryň, neşe maddalarynyň we ýaraglaryň ele salnandygy habar berilýär.

Tussag edilen adamlar Meksikanyň neşe söwdasy bilen meşgullanýan jenaýatçy toparlary bilen baglanyşyklykda güman edilýärler.
XS
SM
MD
LG