Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Berdimuhamedow türkiýeli kärdeşi bilen telefonda gürleşdi


Düýn Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Türkiýäniň prezidenti Abdylla Gülüň arasynda telefon gürrüňdeşligi boldy.

Bu telefon gürrüňdeşligi Türkiýe tarapynyň inisiatiwasy bilen geçirildi. Onda Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Abdylla Gül iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlyklary ösdürmek meseleleri barada özara pikir alyşdylar.

Telefon gürrüňdeşliginiň dowamynda Abdylla Gül şu üstümizdäki ýylda türkmen prezidentini Türkiýä sapar etmeklige çagyrdy.
XS
SM
MD
LG