Sepleriň elýeterliligi

Şu gün futbol boýunça dünýä ýaryşy başlanýar


Şu gün Günorta Afrika respublikasynda futbol boýunça dünýä ýaryşy başlanýar.

Futbol boýunça dünýä ýaryşynyň açylyş dabarasynyň yzy bilen, Günorta Afrikanyň ýygyndy komandasy bilen Meksikonyň komandasy ilkinji oýunda özara bäsleşerler.

Afrika kontinentinde ilkinji gezek geçirilýän bu dünýä ýaryşyny Günorta Afrika respublikasynyň prezidenti Ýakob Zuma öz ýurdunyň taryhy üçin uly ähmiýete eýe waka hökmünde häsiýetlendirdi.

Dünýä ýaryşy bir aýlap dowam eder. Oňa dünýäniň 32 ýurdunyň futbol komandalary gatnaşýarlar.
XS
SM
MD
LG