Sepleriň elýeterliligi

Futbol boýunça dünýä ýaryşy başlandy


Günorta Afrikanyň Ýohannesburg şäherinde şu gün futbol boýunça dünýä ýaryşynyň açylyş dabarasyny diňe bir bu ýurduň ilaty däl, eýsem dünýäniň ähli künjündäki futbolsöýujiler uly sabyrsyzlyk bilen garşy aldylar.

Günorta Afrikanyň komandasy bilen Meksikonyň komandasynyň arasyndaky oýun
Futbol boýunça dünýä ýaryşynyň şu gün Günorta Afrikanyň komandasy bilen Meksikonyň komandasynyň arasyndaky oýun bilen başlanmagy bolsa, Günorta Afrikadaky şowhunlary has-da artdyrdy.

Günorta Afrika respublikasynyň prezidenti Ýakob Zuma Afrika kontinentinde ilkinji gezek geçirilýän bu dünýä ýaryşyna öz ýurdunyň taryhy üçin örän uly ähmiýete eýe waka hökmünde garaýandygyny aýtdy hem-de futboluň bu kontinentdäki uzak taryhyny yatlady: «Keýp Taundaky häzirki “Green point” stadionynyň ýerleşýän ýerinde futbol boýunça ilkinji ýaryşyň 1862-nji ýylyň 23-nji awgustynda geçirleli bäri futbolyň ösüşinde biz uzak ýoly geçdik».

Biziň günlerimizde dünýäde iň köp tomaşa edilýän oýun hökmünde meşhur bolan futbol ýaryşynyň dünýä bäsleşigine dünýäniň 32 ýurdunyň komandalary gatnaşýarlar.

Potensial ýeňijiler

Bu dünýä ýaryşynyň başy 2008-nji ýylyň güýzünde jemi 204 sany ýygyndy komandanyň gatnaşmagynda saýlama oýunlar bilen başlanypdy.

Bir aý dowam etjek häzirki çempionatda Günorta Afrikanyň, Braziliýanyň we Ispaniýanyň komandalary birinji orna eýe bolmakda uly şanslary bar komandalar hasaplanylýarlar.

Olardan soň şanslary uly komandalaryň hatarynda Argentinanyň, Germaniýanyň, Angliýanyň, Gollandiýanyň, Fransiýanyň we Italiýanyň ýygyndy komandalary agzalýar.

Italiýanyň ýygyndy komandasy 2006-njy ýylda futbol boýunça geçirilen soňky dünýä ýaryşynda dünýäniň çempiony bolupdy.

Ýaryşyň şerti şeýle

Bu günki başlanan dünýä ýaryşynyň başky tapgyrynda sekiz topardaky komandalar öz toparlaryndaky komandalaryň her biri bilen birlaý oýnamaly. Toparlardaky oýunlaryň ahyrynda bolsa, her topardaky dört komandadan iň köp utuk gazanan ikisi ýaryşyň indiki tapgyryna çykýar.

Ikinji tapgyra çykan 16 komanda özara bäsleşende «utulan ýaryşdan çykmaly» diýen düzgün boýunça oýnalýar we oýunda utulan islendik komanda dessine ýaryşdan çykýar.

Diňe ýarym finalda utulan iki komanda 3-nji we 4-nji orunlar üçin gaýtadan oýnamaga mümkinçilik berilýär. Iýul aýynyň 11-ne bolsa finala çykan iki komanda Ýohannesburg şäherindäki «Soccer city» stadionynda 1-nji we 2-nji ýerler üçin özara bäsleşerler.

Ýörite ýörişler gurnaldy

Hepdäniň çarşenbe güni Günorta Afrika respublikasynyň köp şäherlerinde futbol boýunça bu dünýä ýaryşynyň hormatyna ýörite ýörişler gurnaldy. Ol ýörişlere uly ýaşly adamlar bilen birlikde mekdep okuwçylarynyň-da müňlerçesi gatnaşdylar.

Şol gün hem ýurduň orta mekdepleriniň okuwçylary bu dünýä ýaryşy bilen baglanyşykly bir aýlyk dynç alşa goýberildiler.

Şu gün dünýä ýaryşynyň açylyş dabarasynda Ýohannesburg şäherindäki «Soccer city» stadionyna 90 müňden hem gowrak adam ýygnandy. Onda Günorta Afrikanyň tanymal aýdym-saz toparlary bilen birlikde käbir daşary döwletleriň aýdym-saz toparlary-da konsert bilen çykyş etdiler.

Ýohannesburg şäheriniň köçelerine çykan futbol jankoýerleri we artistler dürli hili şygarlary gygyryşmak bilen, bu günki dabaranyň şowhunyny has-da güýçlendirdiler.

Bu dabaranyň hormatly myhmanlarynyň hatarynda Günorta Afrikanyň ilkinji garaýagyz prezidenti, aparteid režimine garşy göreşiň simwolyna öwrülen 91 ýaşly Nelson Mandela hem bolmalydy. Emma onuň 13 ýaşly çowlugy Zenani penşenbe güni agşam Ýohannesburgdaky dünýä ýaryşy mynasybetli geçirilen konsertden gaýdyp gelýärkä ýol heläkçiliginde aradan çykansoň, Mandela dabara gatnaşmagy goýbolsun etmeli boldy.
XS
SM
MD
LG