Sepleriň elýeterliligi

Oş şäherinde adatdan daşary ýagdaý


Häkimiýetler Gyrgyzystanyň Oş şäherinde we onuň töweregindäki regionlarda gazaply çaknyşyklaryň turmagy netijesinde azyndan 45 adamynyň heläk bolandygyny aýdýarlar.


Bu wakanyň bolandygy şu gün wagtlaýyn hökümet ol ýerde adatdan daşary ýagdaýy girizip, regionda ýaragly güýçleri ýerleşdirensoň, doly aýdyň boldy.

Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosynyň Oşdaky habarçysy Alişer Tuksanbaýewyň habar bermegine görä, ýerli gyrgyz we etnik özbek ýaşlarynyň arasynda turan ýeňil dawanyň yzy atyşyga barypdyr.

Tuksanbaýew: “Ýaşlaryň arasyndaky konflikte nämäniň sebäp bolandygy entek belli däl” diýýär.

Aýdylyşyna görä, bu çaknyşyga müň töweregi adam gatnaşyp, penjireler döwlüp, dükanlar talanypdyr, maşynlara ot berlipdir.

Saglygy goraýyş işgärleri iň bärsinden 500 töweregi adamyň ýaralanyp, keselhana düşendigini tassyklaýarlar.

Goranmak ministri Ysmaýyl Isakow bilen Içeri işler ministri Bolot Şerniýazow gyssagly ýagdaýda geçirilen duşuşyjdan soň Oşa gidipdirler.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy regiona ýaragly güýçleriň ýollanandygyny aýdýar.

“Häkimiýetler Arawan we Karasu etraplarynda, şeýle hem Üzgen we Oş şäherinde goşun we polis güýçlerini ýerleşdirip, adatdan daşary ýagdaýy yglan etdiler” diýip, Tuksanbaýew telefon arkaly habar berdi.

Ýagdaý durnukly däl

Wagtlaýyn hökümetiň ýolbaşçysy Roza Otunbaýewa şu gün telewideniýede eden çykyşynda adamlary imisalalyga çagyrdy.

“Biz degerli çäreler arkaly ýykgynçy elementleriň dürli toparlaryň arasynda çaknyşyk döretmek baradaky synanyşygyny togtatdyk. Duýduryş üçin howa ot açyldy, howpsuzlygy goramak üçin Oş şäherine harby maşynlar bardy” diýip, Otunbaýewa aýtdy.

Tuksanbaýew adaty günlerde märekeli şäheriň köçelerinde häzir adam köp däldigini aýdýar.

“Şu gün Oşda açyk edara ýok, banklar hem ýapyk. Köçelerde gatnaw togtady. Şäherde köp esger we polis güýçleri, şeýle hem tank we beýleki harby maşynlar bar. Köçeler çola. Adamlar häkimiýetlerden bolup geçene meňzeş wakalaryň geljekde öňüni almagy talap edýärler. Olar basym adaty durmuşa dolanmagy isleýärler” diýip, Tuksanbaýew belleýär.

Oşda ep-esli özbek ilaty ýaşaýar. Bu şäherde gyrgyzlar bilen özbekleriň arasynda çaknyşyk ozal hem bolman durmandy. Öten aý hem şular ýaly çaknyşyk boldy. Ýöne hökümet wagtynda aýgytly herekete geçip, onuň beýleki etraplara ýaýramagynyň öňüni aldy.

Oşda ozal 1990-njy ýylda ýüz beren etniki çaknaşykda hem ýüzlerçe adam ölüpdi.

Şu ýylyň aprel aýynda syýasy gozgalaň turup, Bişkekde hökümet çalşaly bäri Oş we ýurduň beýleki günorta etraplarynda ýagdaý durnukly däl.
XS
SM
MD
LG