Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Homeýniniň pikirleri baradaky çekişmeler


Eýranyň ýokary dini ýolbaşçysy aýatolla Ali Hameneýi Homeýniniň portretiniň ýanynda
Eýranyň ýokary dini ýolbaşçysy aýatolla Ali Hameneýi Homeýniniň portretiniň ýanynda

Eýran yslam respublikasynyň düýbüni tutan aýatolla Homeýniniň aradan çykanyna 20 ýyldan hem köp wagt geçdi, ýöne onuň pikirleri baradaky çekişmeler häzirem ýatanok.

Eýranyň ýokary dini ýolbaşçysy aýatolla Ali Hameneýi Homeýniniň aradan çykmagynyň 21-nji ýyl dönümi mynasybetli 4-nji iýunda ýygnanan märekä: “Onuň pikirleriniň we ideýalarynyň esasy bölegi Muhammet pygamberiň garyndysyz yslamydy. Yslamyň özbaşdaklygy bolmasa, yslam düzgüni gurulmasa, garyndysyz yslamy durmuşa geçirip bolmaz” diýdi.

Onsoň Eýran yslam respublikasy halkyň islegine tabyn bir döwletmi ýa-da kiçijik konserwatiw ruhany toparynyň kesgitleýşine görä, şerigat kanuny boýunça dolandyrylýan yslam döwletimi?

Aýatolla Ali Hameneýi bularyň ikinjisini ileri tutýana meňzeýär. Bu hem, professor Ali Ansarynyň garaýşyça, reformaçylaryň isleýän yslam respublikasynyň soňy diýmek.

“Ol Homeýniniň isleýäni yslam döwletidi diýdi. Meniň pikirimçe, 20 bolmas-da, iň bärsinden geçen 10 ýyllykda bolan çekişmeleri göz öňüne getireniňde, bu bir artykmaç zat. Homeýniniň özi açyk aýtdy. Ol yslam respublikasy diýdi. Şondan bir söz kemem däl, artygam. Hameneýiniň diýýäni hakykata laýyk däl” diýip, Ansary aýdýar.

Oppozision “Ýaşyl hereketiň” ýolbaşçylary Mir Hoseýn Musewi bilen Mehdi Karrubi hem: “Rewolýusiýa döwründe ‘erkinlik, garaşsyzlyk, yslam respublikasy’ diýen şygarlaryň görkezişi ýaly, Homeýniniň pikirleriniň özenini emele getiren erkin we adalatly saýlawlar prinsipi” diýip, delil getirýärler.

“Ynamdan gaçmaly däl”

Mehdi Karrubi bilen Mir Hoseýn Musewi
Mehdi Honsary Londonda ýerleşýän “Eýran we Arap barlaglary merkezinde” ýokary derejeli alym. Onuň pikiriçe, Musewi bilen Karrubi öz tarapdarlaryna zulum-sütem edýän sistemany goldap, ynamdan gaçmaly däl.

“Musewi bilen Karrubi bu sistemany saklap galmagy isläp bilmezler. Bu sistema olaryň talaplary bilen hiç bir halatda ylalaşyga taýyn däl. Olar bilen iş salyşmagy ret edýär. Olar barada hiç bir ýagdaýda eglişik edenok. Onsoň adamlar bir gün bularyň öz isleýän ýolbaşçylary däldiklerine göz ýetirerler” diýip, Honsary aýdýar.

Bu tankyt Karrubiýe täsir edene meňzeýär. Ol ýaňy daşary ýurtlardaky eýranlylary radikal talaplar goldamazlyga çagyryp: “Bu häkimiýetlere adamlara görkezýän gysyşyny artdyrmaga bahana bolýar” diýdi.

Professor Ansarynyň garaýşyça, Musewi bilen Karrubiniň režime wepadar görünmegi uzak möhletli bähbitleri üçin radikal talaplara boýun egenden gowy. Bu ýagdaý olara režimiň içindäkileriň raýdaşlygyny gazanmaga ýol açar.

“Olar elitanyň agzalaryna ýüzlenip, biz şindi-de rewolýusiýanyň prinsiplerine ýapyşýarys. Ýöne biziň ýapyşýanymyz siziňkiden tapawutly diýmeli. Aýtjak bolýanym, olar “Ýaşyl herekete” seresaply garaýan elita agzalaryna ýüzlenseler, bu edilmeli işiň biri, galan mirasyň bir bölegi bolup görner. Olar sistemany bütinleý agdarmaly diýenoklar. Bu eýranlylaryň köpüsini aladalandyrýan ýol” diýip, Ansary aýdýar.
XS
SM
MD
LG