Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýetiň Uzak Gündogarynda polisiýa hüjüm eden iki adam öldürildi


Orsýetiň Uzak Gündogarynda polisiýa kanun goraýjylara hüjüm etmekde güman edilýän toparyň gizlenen jaýyna zabt edip, olaryň ikisini öldürdi.

Güman edilýänleriň azyndan biri tussag edildi.

Ussuriýsk şäherinde üç sagada çeken gabawdan soň hem güman edilýänleriň biri öz bukusynda galdy.

Polisiýa bilen güman edilýänleriň arasynda bolan atyşykda azyndan bir polisiýa ofiseri ýaralandy.

Bu gabaw polisiýa hüjüm eden 3 adamyň gözleginiň netijesidir.

Şol hüjümde bir polis ofiseri öldürilip, üçüsi ýaralanypdy.

Ol adamlaryň polisiýa näme sebäpden hüjüm edeni belli däl. Ýöne ol ýerde polisiýa korrupsiýasy we eden-etdilikleri hakynda gürrüň edilýär.
XS
SM
MD
LG