Sepleriň elýeterliligi

Orsýet Fransiýanyň uruş gämileriniň tehnologiýasyny almaga çalyşýar


Rus resmileri anna güni Fransiýadan uruş gämileriniň tehnologiýasyny almak üçin tagalla etdiler.

Orsýetiň premýer-ministri Wladimir Putin Parižde söwda hakynda gepleşmek üçin fransuz prezidenti Nikolas Sarkozi bilen duşuşdy. Açyk bir beýanat edilmedi.

Sarkoziniň edarasynyň aýtmagyna görä, Putin bilen Sarkozi rus deňiz güýçleri üçin dört sany Fransuz Mistral-klas uruş gämisini ýasamak barada doly tassyklanmadyk ylalaşyk baglaşdylar.

Eger ylalaşylsa, bu proýekt NATO ýurdy bilen Moskwanyň arasynda harby tehnologiýa babatda baglaşylan iň uly şertnama bolar.
XS
SM
MD
LG