Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýranyň prezidenti Ahmedinejad sanksiýalar işlemez diýýär


Eýranyň prezidenti Mahmut Ahmedinejaa BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşini «Birleşen Ştatlaryň elindäki gural» atlandyrdy we BMG-niň Eýranyň ýadro programmasy sebäpli girizen täze sanksiýalary netije bermez diýdi.

Ahmedinejad bu sözleri Şanhaýdaky Dünýä sergisine sapary mahalynda aýtdy.

Birleşen Ştatlaryň Eýranyň ýadro programmasy sebäpli dördünji, täze tapgyr sanksiýalary girizmek barada taslan rezolýusiýasyny çarşenbe güni, Howpsuzlyk Geňeşinde Hytaý hem tassyklady.

Günbatar döwletleri Eýran ýadro ýaraglaryny edinjek bolýandyr öýdýär, Tähran muny ret edýär.
XS
SM
MD
LG