Sepleriň elýeterliligi

Raketa zarbalary demirgazyk-günbatar Pakistanda 13 adam öldürdi


Hökümet resmileri Pakistanyň owgan serhetiniň boýundaky tire sebitine atylan 6 raketanyň azyndan 13 adamy öldürendigini aýdýarlar.

Bu raketalar Birleşen Ştatlaryň adamsyz uçaryndan atylandyr öýdülýär.

Bu zarba demirgazyk Weziristandaky Datta Hel diýen ýere, Talyban hem Al-Kaýda jeňçileriniň mesgenine uruldy.

Hökümet resmileri ölenleriň arasynda arap ýa Merkezi Aziýa ýurtlaryndan gelen jeňçileriň hem bardygyny aýtdy.
XS
SM
MD
LG