Sepleriň elýeterliligi

NATO Owganystana demirgazyk üpjünçilik ýoluny açýar


NATO öz Owganystandaky goşunlary üçin Orsýetiň we Merkezi Aziýanyň üstünden alternatiw üpjünçilik ýoluny açdy.

NATO-nyň Owganystana barýan ýükleriniň köpüsi Pakistanyň üstünden geçirilýär, ýöne ol ýola jeňçiler serhet regionlarynda barha köp hüjüm edýär.

NATO alternatiw ýol barada aýlap gepleşik geçirdi.

Ýaranlygyň anna günindäki beýanatynda 122 müň esgere niýetlenen ýüküň Owganystana ilkinji gezek Orsýetiň, Gazagystanyň we Özbegistanyň üstünden geçip, 9-njy iýunda gelendigi aýdylýar.
XS
SM
MD
LG