Sepleriň elýeterliligi

Gyrgyzystanyň günorta şäherinde onlarça adam öldürildi


Häkimiýetler günorta Gyrgyzystanda bolan zorlukly wakalarda azyndan 45 adamyň öldürilendigini aýdýarlar.

Saglyk ministrligi penşenbe güni agşam Oş şäherinde 500 gowrak adamyň ýaralanandygyny aýtdy.

Geçiş hökümeti öten agşam eli tüpeňli hem demir taýakly ýaşlaryň ýüzlerçesiniň arasynda bolan çaknyşyklardan soň Oş şäherinde we onuň goňşy etraplarynda adatdan daşary ýagdaý yglan etdi.

Hökümet bu ýerde asudalygy dikeltmek üçin bronly maşynlary we esgerleri iberdi.

Resmileriň käbiri bu çaknyşyklary sebitdäki gyrgyzlar bilen özbekleriň arasyndaky konfliktler bilen baglanyşdyrýar.

Orsýet we Birleşen Ştatlar bu ýurtda asudalyga çagyrdylar. Olaryň ikisiniň hem Gyrgyzystanda harby bazasy bar.

Geçiş hökümetiniň prezidenti Roza Otunbaýewa anna güni telewideniýe arkaly eden çykyşynda halky asudalyga çagyrdy.

«Biz günorta Gyrgyzystandaky ýagdaýdan gaty aladaly, dürli güýçler, şol sanda Gyrgyzystandaky ýagdaýy bulaşdyrmak isleýän adamlar oduň üstüne nebit guýýar» diýip, Otunbaýewa aýtdy.
XS
SM
MD
LG