Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanda Amerikanyň jaz topary çykyş eder


ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň we Türkmenistanyň Medeniýet we teleradioýaýlymlar ministrliginiň goldamagynda Türkmenistana gelen dört sany jaz sazandalaryndan ybarat Ari Rolandyň topary 12-nji we 14-nji iýunda aralygynda halk köpçüliginiň öňünde çykyş eder.

Nýu-Ýork şäherinden gelen bu toparyň çykyşy Daşoguz, Aşgabat we Türkmenabat şäherlerinde gurnalar diýip, ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň metbugat beýanatynda aýdylýar. Bu çykyşlara giriş tölegsiz we hemmeler üçin açyk bolar.

Nýu-Ýork şäherinden gelen jaz topary baran ýerlerinde studentler hem-de sazandalar bilen jaz sungaty we onuň ösüşi hakynda seminarlar hem geçirer.

Toparyň agzalary basçy Ari Roland, alt-saksofonçy Zaid Nasser, trombonçy Jon Moska we deprekçi Kit Balladyr.

Jaz topary Türkmenistana Merkezi Aziýa saparynyň çäginde barýar.

Ari Rolandyň jaz toparynyň maksady Amerikanyň sazy we medeniýeti arkaly Birleşen Ştatlar bilen dünýäniň beýleki ýurtlarynyň arasyndaky medeni alyş-çalşygy ýola goýmakdan ybaratdyr.
XS
SM
MD
LG