Sepleriň elýeterliligi

Arada Marydan bir kursdaşym geldi. Myhman birhili ünjüli göründi. Ahyry ol ýaryldy. Onuň beren gürrüňi meni oýlandyrdy. Şonuň üçin myhmanymyň gürrüňini bolşy-bolşy ýaly getirmegi makul bildim:

Maşgalanyň aýbyny açmak hökmanmy? Belki, biziňki ýaly maşgala başga-da bardyr?! Umuman, maşgala nähili bolmaly? Bir agza gulak asmalymy? Maşgalada diňe bir adamyň pikiri ýöremelimi? Ýa-da maşgalanyň beýleki agzalarynyňam öz pikirini aýtmaga haky barmy?

Bilşiň ýaly, biz Mary etrabynyň köneden oturymly adamlaryndan. Kakam, ejem, iki gelin, çagalar hem agtyklar bilen maşgalada jemi on iki adam bar.

Öýde hojaýyn — kakam. Şonuň diýeni — diýen, aýdany — aýdan! Ejem pahyrda san ýok. Barymyz kakamyzyň düzen «grafigi» bilen ýaşaýarys. Irden sagat altyda hemmämiz aýak üstüne galaýmaly! Birimiz mal-gara, ýene birimiz mellege, başga birimiz çaý-suwa seretmeli. Garaz, hemmämize iş paýlanan.

Irden sagat ýedide saçagyň başyna üýşäýmeli. Eger-de maşgaladakylaryň hemmesi saçagyň başynda jem bolanda, haýsydyr birimiz saý-sebäp bilen gelip ýetişmesek, onda ol şol gün ertirliksiz galýar. Wagtynda iýip-içmäge gelmedigi kakam soňra saçagyň başyna goýberenok. Saçak ýygnalansoň, «gijä galana» täzeden saçak ýazmaga rugsat edilenok. Ol: «Hemmeleriň bile iýip-içmegi — maşgalanyň agzybirligi» diýip hasap edýär. Hemmeler saçak başyna gelen halaty iýip-içmäge gelip ýetişmedigi maşgala agzybirligine zyýan salmak isleýän saýýar.

Kä wagt gelinleriň çagasy gije ýatman, iş berýär. Onsoň, gelinler irden wagtynda turanok. Şonuň ýaly ýagdaýda kakam gelinleriň gapysyny ýumruklaberýär.

Kakam nämedir bir zada gaharyny getirse, bizi — eýýäm birnäçe çaga ata bolan adamlary çalyp goýbermegi-de hiç zatça görenok. Ol şeýtmegi terbiýäniň bir görnüşi hasaplaýar.

Kakam: «Çagany hülli-hülli» edip saklamaly däl. Oňa bek daramaly, düzgüne salmaly» diýen ideýa gulluk edýär. Ol: «Çaga ýüz berseň, başyňa çykar. Soňam ýoluny urdurar» diýip, häli-şindi biziň gulagymyza guýýar. Onuň başymyzy sypap, ýüz beren wagtyny göremzok.

Ine, şeýle, maşgalamyzda kakam-a serkerde, bizem esger. Buýruk berdigi, bes — berjaý edäýmeli! Şeýle zabun saklaýan kakany söýüp, hormatlap bolarmy?!

Biziň köpimiz indi ese-boýa galan adamlar. Şonda-da kakamyzdan birugsat toýa, goňşy-golama, dost-ýaryňka baryp bilemzok. Gidäýsegem, agşam sagat onda hökman dolanyp geläýmeli. Şondan gijä galdygyň — başyňa oýun salynýar!

Kakamyzyň «buz üstünde tozan arap», ýersiz-ýere iňirdäp durmagy-da etimizden ötüp, süňňümize ornady. Ýöne hiç birimizem oňa dil gaýtarmaga milt edip bilemzok. Onuň öňünde ýygrylyp, boýnumyzy burup durus.

Şeýle bek saklanýan maşgalada näsazlyklar ýüze çykar diýip, kim aýdyp biler?! Kakam bizi hernäçe ýumrugyna gysyp saklasa-da, maşgalamyzda onuň garaşmaýan zady, ýaramaz zatlar, maşgalany utandyrýan ýagdaýlar ýüze çykdy.

Nädip beýle bolýar?! Hiç akylyma syganok.

Kakam ýeňil maşynyny körpe inime berdi. Ol hem şol maşyny bilen Mary —Aşgabat aralygyna kireýe gatnaýardy. Düşewünt gowudy. Kä wagtlar-a Aşgabada iki sapar hem baryp gelerdi. Günlerde bir gün şol inim ele düşdi. Ýanyndan az-owlak geroin çykypdyr. Asyl ol neşekeş bolup giden bolsa nätjek?!

Bu-da hemmesi däl. Uýalarymyň biri öýden gaçyp gidip, maşgalamyzdan bidin bir ýigit bilen başyny birikdirdi. Ömür garawullanyp saklanýan gyz maşgalamyzyň ýüzüni ýere saldy. Kakam muňa bolmajysy boldy. Ol: «Men sizi entägem gowşak saklapdyryn. «Gamşy gowşak tutsaň, eliňi gyýar» diýipdirler. Gözüňizde ot ýakmaly siziň!» diýip, zynjyryna towsup duran ýarak ite öwrüläýdi.

Arada mugallymyma duşdum. Durup bilmän, oňa-da içimi dökdüm. Kakamyň bize berýän jebir-jepalaryny gürrüň berdim. Mugallymym şonda maňa: Maşgalada-da, ýurtda-da diňe bir adamyň diýeni bilen ýörelse, onuň soňy mydama-da gowulyk bilen gutarmaýar» diýdi.

Gürrüň gutardy

Maryly myhman uludan demini alyp dymdy. Ýüregini gowzadansoň, biraz açylyşdy. Kursdaşyma nebsim agyrdy. Öýde-de, ýurtda-da adamlary ýumruk astynda saklap bolmajak eken. Gaýtam, tersine, näçe gysdygyňça, bujurygy artýar. Şuňa welin, gynansak-da, köpimiz düşünemzok.

Mugallymyň aýdany oýa batyrdy. Dogrudanam, öýde-de, ýurtda-da uly-kiçiniň gepi diňlenmeli. Mesele köplük bolnup çözülse, öý hem, ýurt hem hemmeler üçin bähbitli bolýar.

Parahat Ilmyradow Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy. Şu blogda öňe sürlen pikirler we garaýyşlar awtoryň özüne degişli.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG