Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Alym bolmak aňsat däl


Türkmenistanyň Ylymlar Akademiýasynyň binasy
Türkmenistanyň Ylymlar Akademiýasynyň binasy
Türkmenlerde: «Alym bolmak — aňsat, adam bolmak — kyn!» diýen nakyl bar.

Elbetde, bu nakylyň gylyksyz adamlaryň köplügi sebäpli dörän bolmagy mümkin. Hakykatda welin, alym bolmak hem aňsat däl. Aýratyn hem Türkmenistanda alym bolmak örän kyn. Sebäbi islendik pudak, islendik iş syýasatlaşdyrylan halatda ol iş öňküsinden-de iki-üç esse kynlaşýar.

Ylym hem, edebiýat, sungat hem syýasatlaşdyrylmadyk ýagdaýynda gowy ösýär. Ylym — erkin bolmaly. Emma «Türkmenistanda ylym bilen erkin meşgullanmaga hiç wagt mümkinçilik bolmandy» diýip, doly aýdyp bolar.

Sowet hökümetiniň döwründe ylmyň ýagdaýy Garaşsyzlyk ýyllaryndakydan birneme ganymadrak bolan hem bolsa, ol döwürler hem türkmenleriň ylmy dünýäsinde öwerlikli ýagdaý bolmandy. Türkmenistanda Ylymlar Akademiýasy bolan-da bolsa, onda ençeme ugurlar boýunça (taryh, dil we edebiýat, golýazmalar we ş.m.) institutlar dörän hem bolsa, ol institutlar we olarda işlän alymlar Moskwanyň görkezmesi boýunça işlediler, Moskwa ýaraýjak zatlaryň üstünde işlediler. Esasan, Moskwanyň işläp taýýarlan ylmy işlerini türkmençeleşdirmek ylmy açyşlar hasaplandy we şol işler boýunça alymlyk derejeleri berildi. Diňe edebiýat boýunça edilen işlerde türkmen edebiýatçylarynyň ömür-döredijiligi Moskwadan göçürilmedi.

Dogrusy, sowet döwründe «Türkmen ylmy, türkmen alymlary» diýlip, agyz doldurylyp gürrüň hem edilmezdi. Sebäbi ol döwürlerde on bäş respublika üçin diňe «Sowet ylmy, sowet alymlary» diýen umumy söz bardy. Şol söz hem ýörgünlidi.

Öňküligem galmady

Türkmenistan Garaşsyzlygyny alandan soň, türkmen ylmy hem türkmen alymlary öňküje gününem tapmadylar. Nyýazow ýurduň Ylymlar akademiýasyny ýapdy, alymlary bolsa dargatdy. Ýaranjaňlaryň hataryna goşulan alymlar ýurduň ýokary okuw jaýlaryndan, mekdeplerden iş aldylar, ýaranjaňlyk etmedikler bolsa, dürli bahanalar bilen “gara spisoga” atlary düşüp, kowlup gitdiler. Kimler bazarlara çykyp, jorap satdylar, kimler garawulçylyga gitdiler, kimler ýüreklerini tutup, dünýesini täzelediler.

Häzirki wagtda Ylymlar Akademiýasy ýaňadan açyldy. Ýöne ýaşuly professorlaryň dargap gitmesi, ylma ýaş nesliň çekiljek bolunmasy üçin ýaýbaňlandyrylan iş, edebiýatyň, sungatyň, taryhyň, ykdysadyýetiň… döwrüň syýasatyna gönükdirilmesi, “gara spisoga” düşenleriň ylma ýanaşdyrylmazlygy entekler türkmen ylmynda dünýäni aňkartjak açyşlaryň bolmajagyna güwä geçýär.

Mihail Gorbaçýowyň üýtgedip gurmagy (perestroýka) başlan ýyllarynda türkmen alymlarynyň ylma hyjuwlanmasy Türkmenistanda hem gowy ylmy açyşlary edip biljek alymlaryň ýüze çykyp biljegini subut etdi. Mysal üçin, Türkmenistana ilkinji kompýuterler gelen halaty Türkmen politehniki institutynyň professory Batyr Balyşow (Türkmenistanyň Kompartiýasynyň Merkezi Komitetiniň öňki ýolbaşçylarynyň biri bolan Balyş Öwezowyň ogly) kompýuterlerde türkmen harplaryny ilkinji bolup ýerleşdiren professordyr.

Göze gara suw inme keseliniň Türkmenistanyň Göz keselleri institutynda has gowy bejerilýändigi hakda Orsýet gazetleri hem ýazýardy. Türkmen medisinasynyň alymlary bu keseliň öňüni almakda günsaýyn döredijilikli işleýärdiler. Türkmenistanyň Göz keselleri institutyna köp ýurtlardan näsaglar gelýärdi.

«Ruhnama» guwanyp ýaşamak

SSSR-iň dargamagynyň netijesinde, her respublika aýratyn ýaşamaga başlady. Türkmenistanda Garaşsyzlygyň ýyllarynda ähli zat, şol sanda ylym-da, alymlar-da başdan aýlanyp uruldy. Ýurt bütin durky bilen «Ruhnama» guwanyp ýaşamaly boldy. Bu ýagdaý üýtgedip gurmagyň sergin howasyna serini durlap, ýaňy ylma hyjuwlanyp ugran alymlaryň-da işleriniň düýbüne palta urdy.

Ýyl-ýyldan kämilleşme diýen zat bütinleý ýatdan çykdy. Näsaglar köplenç Daşkente, Moskwa ugradylýar. Bu şäherlere gidip, saglyk bejertmek üçin çykaryljak çykdajylary tapmak garamaýak ilatyň golundan gelmeýär.

Häzirki döwürde Türkmenistanda üýtgeşik ylmy açyş ýok. Ähli pudaklar boýunça dünýä ylmynyň gazananlaryndan peýdalynylýar. Kompýuterler, uçarlar, medisina enjamlary, tekstil komplekslerindäki tehnologiýalar, maşynlar-traktorlar — bularyň ählisi daşary ýurtly alymlaryň oýlap tapyşlarynyň netijesidir.

Başda-da aýdyşymyz ýaly, ylym hem, alym hem erkin bolmaly. Ýokardan berilýän görkezme bilen, ýa-da döwrüň syýasatyna ýaranjak bolup, ylmy açyş edip bolmaýar. Ylmy açyş adamyň iş ýerindäki ýagdaýa görä, adamyň ýüreginden dömüp çykmaly. Adam işläp ýörkä: «Hä, şü işi şeýlerägem bitirse boljag-ow» diýip, pikir edip, şol pikiriň netijesi hem ylmy açyşa eltmeli.

Sowet döwründen galan diplom işleri göçürden studentiňden alym ýasap bolmaýar.

Çoluk Möwlamow aşgabatly synçynyň edebi lakamy. Şu blogda öňe sürlen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG