Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Dünýäniň dört künjeginde, dört ýyldan bir gezek geçirilýän dört hepdäniň futbol ýaryşyna çagadyryn diýmän, agadyryn diýmän sabyrsyzlyk bilen garaşylýan gün ahyry gelip ýetdi.

Argentinanyň futbol komandasynyň tälimçisi Diego Maradona, 12-nji iýun, 2010-njy ýyl.
Öz ýurdunyň oýunçylary dünýäniň Kubogy ugrundaky aldym-berdimli dikleşige gatnaşýarmy ýa gatnaşanokmy - parhy ýok, stadionlara millionlarça janköýer ýeňse, telewizoryň öňüne çüýlenen milliardlarça ynsany howlusyndaky saraýa ot düşäýsin, oturgyçdan ýa diwandan goparjak bolup bir gör!

Çaýdan-nahardan ellibizar tomaşaça tutuş bir aýlap päsgel beren özüň bolma! Olimpiada oýunlaram-a adam baryny jadylap ataýýandyr welin, edil futbolyň öňüne düşüp biläýýän däldir.

Dünýäniň Kubogy ilkinji gezek geçen asyryň birinji ýarymynda, has takygy, 1930-njy ýylda, Urugwaýda geçirilip, şol ýurduň oýunçylary hem birinji orny eýeläpdi. 1934-de Italiýada hem 1938-de Fransiýada geçirilen ýaryşda, italýan futbolçylary yz-yzyna iki gezek dünýäniň çempiony bolupdy.

Ikinji Jahan urşy sebäpli bu uly futbol dabarasy 1942-nji we 1946-njy ýyllarda geçirilmän galdy, ýogsam gadymy Elladadan gaýdýan däp boýunça oýunlar başlanan gününden döwletler arasynda gidip oturan uruş hem togtadylýan eken.

Braziliýada dalaş edilen 1950-nji ýylyň baýragy ýene Urugwaýa nesip etdi. Şondan son Braziliýa ýurduň jankköýerlerine çäksiz şatlyk paýlap, 1958, 1962, 1970, 1994, 2002-nji ýyllarda bäş gezek dünýäniň in güýçli komandasy bolup galyberdi.

Öz futbol ýygyndymyz

Gurban Berdiýew
Hany indi iliň üstünligine guwanyp oturman, öz futbol ýygyndymyzyň dünýä arenasynda edýän çykyşlaryna-da el çarpjak bolalyň. Arman, bu ýerde ermeni halkynyň bir pähimini biygtyýar ýatlamaly bolýas: «El çarpjak bolsaň, hökman iki eliň bolmaly, biri bilen el çarpyp bolmaýar».
Dört-bäş millionly milletin içinden ýüze tutarlyk, ile çykarlyk bir komanda ýygnap, iki-üç spesialistden ybarat trenerlik ştabyny döredip bolmaýarmyka?

Prezidentiň garamagyndaky Milli sport komiteti, şeýle hem ýurtda sport işlerine gözegçilik edýän sansyz edaralaryň işgärleri näme bilen meşgul bolup otyrka?

Beýik münberden ýaňlanýan talap ediji çagyryşlar bir gulakdan girip, beýlekiden çykyp gidiberýärmikä?

Hany bu gün altmyşynjy ýyllaryň birinji ýarymynda derwezesinde Anzor Kawazaşwili, ýarym goragda Waleriý Woronin, hüjüm liniýasynda Eduard Strelsow oýnan, dabarasy dag aşan Moskwanyň «Torpedosyny» utup goýberen «Köpetdagçylar» Annaly Garadanow, Oraz Geldýiew, Gurban Berdiýew?..

Söhbetimi futbolymyzyň soňky düşen ýagdaýy bilen jemlemegi makul tapdym:

Demrindenmi, kömründenmi, bilmedik,
Oýun gördük – ýylgyrmadyk, gülmedik,
Özgelere gidip, bize gelmedik
Oçkolar ýandyryp-ýakyp baradyr...

Bir mahalky başy belent «Köpetdag»
Ýuwaş-ýuwaş aşak çöküp baradyr.

Şiraly Nurmyrat Şwesiýada ýaşaýan türkmen şahyry. Şu kommentariýada öňe sürlen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG