Sepleriň elýeterliligi

Soňky döwürde Türkmenistanyň telewideniýesi döwlet baştutanynyň halkyň arasynda bolup, onuň hal-ýagdaýy bilen ýakyndan gyzyklanýandygy bilen bagly gepleşikleri yzygiderli görkezip ugrady.


Ýurduň birinji adamsy bilen halkyň arasyndaky gatnaşyk daşary ýurt mediasynda hem agitirlenýär. Hususan-da, daşary ýurtlarda şeýle çäre ýurtda saýlawlaryň geçirilýän wagtlary has-da ýaýbaňlandyrylýar.

Dürli-dürli partiýalaryň liderleri saýlawlarda köpçüligiň sesini gazanmak üçin, ilat bilen duşuşyk geçirip, özleriniň halk bilendigini propaganda edýärler. Şeýtmek bilen syýasatçylar özleriniň halka has ýakyndygyny, olardan özlerini belentde tutmaýandyklaryny görkezmek isleýärler.

Türkmenistanda hem ýurduň prezidenti bilen halkyň bir bitewidigini görkezmek üçin aram-aram syýasy çäreler geçirilýär, ýagny, ýurt baştutanynyň çopanlaryň arasynda, esgerleriň arasynda, käbir maşgalalarda, pagtaçylaryň, maldarlaryň, gallaçylaryň arasynda bolup, halkyň halyny soraýan ýaly ýagdaýdaky wakalar mawy ekranyň üsti bilen halka ýetirilýär hem-de bu çäreler ýurduň mediasynda uly şowhun bilen dabaralandyrylýar.

Ýöne Türkmenistanda döwlet baştutanynyň sada halkyň arasyna baryp, olaryň hal-ýagdaýy bilen tanyşmagy bilen bagly çäreleriň öňünden juda taýýarlykly geçirilýändigi sebäpli, ilat üçin ol daşary ýurtlardaky syýasatçylaryň geçirýän syýasy çereleri ýaly netijesini beriberenok.

21-nji aprelde ýurduň prezidentiniň Lebap welaýatynda bolup, kärendeçilerdir bagbanlar bilen geçiren duşuşygy hem hut şonuň ýaly boldy. Lebap welaýatynyň kärendeçisiniň hem-de bagbanynyň täzeje kostýumly ýagdaýda prezident bilen duşuşmagy, bu duşuşygyň juda resmi ýagdaýda geçmegi ilat köpçüliginde diňe seňrik ýygyrma bilen kabul edildi.

Bu duşuşyklarda daýhanlaryň hal-ýagdaýy, problemalary barada hiç hili bir mesele galdyrylmady. Gaýta, ýurduň mediasynda döwlet baştutanynyň bagbançylykda-da, daýhançylykda-da beýlekilerden pes oturmaýandygy agitirlendi.

Eger şu duşuşyklaryny prezident ekinlerini gurçuk iýýän daýhanlar bilen, ýerlerini şor alan daýhanlar bilen, ekinlerini suwarmaga suw tapmaýan daýhanlar bilen, mallaryny bakmaga öri meýdan tapmaýan maldarlar bilen, çagalaryna ýokary bilim berip bilmeýänler bilen, ogullary esgerlikden, türmelerden ölüp gelýänler bilen geçirip, olaryň problemalaryny hem çözüşen bolsady, onda adamlar öz ýolbaşçylarynyň her bir hereketine guwanardy.

Oýun ýada düşenok

Türkmenistanyň prezidentiniň ýurt baştutanydygyna garamazdan, sada türkmen obrazyny alyp barýandygy bilen bagly türkmen ideologiýasynyň ýurduň telewideniýesinde 3-nji iýunda görkezen gepleşigi ilatyň arasynda döwlet baştutanyna bolan gatnaşykda has-da göwnüçökgünlik döredi.

Türkmen telewideniýesiniň taýýarlan bu gepleşiginde ýurduň prezidentiniň öz egindeşleri bilen sada türkmen raýatlary ýaly, işinden boş wagtlary sport bilen meşgullanýandygy agitirlenip, prezidentiň tigir ýaryşyndaky üstünligi, onuň katere we skutere aýratyn bir ussatlyk bilen erk edişi görkezildi.

Halk köpçüligi prezidentiň teleoperatoryň kamerasyna skuteri bilen suw syçradyşyny, egindeşleri bilen tigir sürşüni ýürekden kabul etmedi. Telewideniýede bu gepleşik görkezilensoň, ertesi gün ilatyň gürrüňi diňe prezident boldy.

Bu näme üçin şeýle bolýar? Sebäbi halkyň öz ýolbaşçysynyň şatlygyna goşulmaga eli ýetenok. Halk aç hem işsiz. Gazançsyz. Olar örän betbagt. Olaryň köpüsiniň öýi ýykylyp dur. Köpüsiniň öýi ýok. Köpüsi çagalaryna ýokary bilim bermäge mümkinçilik tapanok.

Halk ýurt ýolbaşçysynyň özlerine her hili oýunlary başarýanyny görkezerini islänok. Halk döwlet ýolbaşçysynyň öz halyndan hakykatdan habar alaryny isleýär. Ýurt ýolbaşçysynyň özüne jaý bererini, iş bererini, iň bolman, mellek ýeri bererini isleýär.

Gynansak-da halka beýle bagt elýeterli däl. Şonuň üçin gara güzeranynyň yzynda ylgap ýören halkyň ýolbaşçy işgärleriň mesligine guwanyp, şatlanyp ýörmäge wagty-da ýok, keýpi-de, islegi-de.

Halkyň ýolbaşçylardan ýekeje dilegi bar, ol hem — öýlerini ýykmazlyk. Halkyň şu arzuwy berjaý bolsa-da, olar üçin prezidentleri ýaryşda üstün çykandan hem şatlykly waka boljak.

Serdar Gulgeldiýew aşgabatly synçynyň edebi lakamy. Şu blogda öňe sürlen pikirler we garaýyşlar awtoryň özüne degişli.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG