Sepleriň elýeterliligi

Hamyt Karzaý Gandagar şäherine geldi


Owganystanyň prezidenti Hamyt Karzaý we bu ýurtdaky NATO güýçleriniň serkerdesi Stenli MakKristal Gandagar şäherine geldi.

Karzaý ýerli tireleriň ýaşulylary hem ýaşaýjylar bilen duşuşdy.

Talyplara garşy bellenen uly möçberli operasiýada owgan häkimiýetleri-de, halkara güýçler-de şol ýaşulylaryň hem ýerli ilatyň goldawyny almak isleýär.

Hamyt Karzaý olary golaw bermäge çagyrdy.

Şu gün Gandagar we Uruzgan welaýatlarynda bolan söweşlerde 39 talybyň öldürilendigini Owganystanyň IIM-i habar berdi.

Öten gije-gündiz Owganystanyň dürli etraplarynda 9 polisiýa işgäri hüjümleriň pidasy boldy, ýene 9-sy ýaralandy.
XS
SM
MD
LG