Sepleriň elýeterliligi

Arap döwletleri ligasynyň baş sekretary Gaza sektorynda


Häzir Gaza sektorynda saparda gezip ýören Arap döwletleri ligasynyň baş sekretary Amr Musa bu territoriýadaky ysraýyl blokadasyny ýatyrmagy talap etdi.

Amr Musanyň sapary Gaza sektorynyň ýaşaýjylary bilen raýdaşlyk akty hökmünde yglan edildi.

Gaza sektory bilen Müsüriň serhedindäki Rafah ilatly nokadynda çykyş edip, Arap döwletleri ligasynyň baştutany Palestinadaky “Fath” we HAMAS toparlaryny agzalalygy aradan aýyrmaga çagyrdy.

Üç ýyl bäri Gaza sektory HAMAS toparynyň gözegçiliginde, Ysraýyl, ABŞ we başga-da ençeme döwlet ony terroristik gurama hasap edýär.
XS
SM
MD
LG