Sepleriň elýeterliligi

Bagdatda azyndan 12 adam ölüp, 40 adam ýaralandy


Bagdatda Yragyň Merkezi bankyna edilen hüjümde bärsinden 12 adam ölüp, 40 adam ýaradar boldy.

Yragyň Goranmak ministrligine salgylanýan Frans-press agentliginiň maglumatyna görä, hüjümi ýaragly adamlar topary amala aşyrypdyr.

40 minutyň dowamynda 8 partlama bolupdyr. Pidalaryň köpüsi bank işgärleri.

Howpsuzlyk güýçleriniň wekiliniň sözlerine görä, hüjüm edenleriň maksadynyň nämedigi - banky talamakmy, jaýy partlatmakmy ýa-da bank işgärlerini öldürmekmi - häzirlikçe näbelliligine galýar.
XS
SM
MD
LG