Sepleriň elýeterliligi

Futbol boýunça dünýä çempionaty dowam edýär


Häzir Günorta Afrika Respublikasynda dowam edýän futbol boýunça dünýä çempionatynda şenbe güni Angliýanyň we ABŞ-nyň futbolçylary ýaryşdy. Hasap 1:1.

Port Elizabet şäherinde Günorta Koreýa bilen Gresiýanyň ýygyndy komandalary oýnady. Günorta Koreýa 2:0 hasabynda ýeňiş gazandy.

Ýohannesburgda Argentinanyň hem Nigeriýanyň futbolçylary oýnady, Argentina 1:0 hasabynda ýeňiş gazandy.

Polokwanda Aljiriň we Sloweniýanyň ýygyndy komandalarynyň duşuşygy 1:0 hasabynda Sloweniýaly futbolçylarynyň peýdasyna tamamlandy.
XS
SM
MD
LG