Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Oşdaky etniki özbekleriň ýagdaýy agyr


Serhetçiler etniki özbekleriň serhetden geçmegine kömek edýärler. Surata düşüren: EurasiaNet
Serhetçiler etniki özbekleriň serhetden geçmegine kömek edýärler. Surata düşüren: EurasiaNet

Müňlerçe etniki özbek Gyrgyzystanyň günortasyndan gaçýar diýlip habar berilýär. Ol ýerlerde üç gün bäri ganly etniki çaknyşyklar dowam edýär.


Gyrgyz häkimiýetleriniň aýtmagyna görä, häzire çenli azyndan 113 adam heläk bolup, 1400-den gowrak adam ýaralanypdyr.

Çaknyşyklar penşenbe güni agşam Oş şäherinde başlap, soňra ýurduň günortasyndaky beýleki bir şäher bolan Jelalabada ýaýrady.

Özbegistan özbek-gyrgyz serhediniň ýakasynda bosgunlar üçin ýörite çadyrlary ýerleşdirdi, gaçyp barýanlaryň köpüsi zenanlar we çagalar.

Halkara Gyzyl haç jemgyýetiniň Gyrgyzystandaky wekili Anna Nelson Azatlyk Radiosyna bosgunlar barada anyk san bermegiň kyndygyny aýtdy.

“Biz we Özbegistandaky beýleki gumanitar guramalar özbek tarapyna gaçyp baran bosgunlaryň sanyny anyklamaga çalyşýarys” diýip, Nelson aýtdy.

20 ýylyň içindäki iň uly etniki çaknyşyklary başdan geçirýän ýurtda heläk bolanlaryň sanynyň artmagyndan howatyr edilýär.

Ganly çaknyşyklary başdan geçirýän Oş şäheriniň ýaşaýjysy köçelerde jesetleriň bardygyny we şäheriň köp böleginiň ot alandygyny aýtdy.

“Meniň bir garyndaşymy atyp öldürdiler. Biz onuň jesedini almak we ony jaýlamak üçin ol ýere gidip bilemzok” diýip, Oş şäheriniň ýaşaýjysy Hikmatullah aýtdy.

“Ölenleriň arasynda tanalmaýan jesetler hem bar. Şu gün birini jaýladyk, ýöne onuň kimdigi näbelli” diýip, Hikmatullah Oş şäherinden telefon arkaly habar berdi.

Şäheriň birnäçe raýonlarynda ok atyşyklar dowam edýär, ençeme hökümet binalary weýran edildi. Bu barada Azatlyk Radiosynyň Oşdaky habarçysy aýdýar.

“Biz şäheriň içinde aýlanyp bilemzok. Belgisiz maşynlary sürüp ýören ýaşlar bar. Olaryň ellerinde ýarag bar we gygyrýarlar diýip”, habarçy Toksonbaýew aýdýar.

Ýurduň wagtlaýyn prezidenti Roza Otunbaýewa, Oş şäherine harbylary we dikuçarlary iberendiklerine garamazdan, kontrollygy ýitirendiklerini aýtdy.

Şeýle hem hökümet ýurduň ätiýaçdaky harby güýçlerini Jelalabat we Oş şäherlerine iberdi we esgerlere raýatlary goramak üçin ok atmaga ygtyýar berdi.

Etniki özbekler Gyrgyzystanyň tutuş ilatynyň 14 prosentini emele getirýär. Emma Oş we Jelalabat regionlarynda halkyň üçden bir bölegi etniki özbeklerden ybarat.

Özbekleriň köpüsi Gyrgyzystanyň wagtlaýyn hökümetini goldaýar, emma günortadaky gyrgyzlar öňki prezident Kurmanbek Bakyýewiň tarapdary.

Oş şäherinde ýaşaýan etniki özbek Ermatow ýaragly toparlar özbek raýonlarynda jaýlary otlaýarlar we adamlary öldürýärler diýýär.

“Furkakt diyen raýonda jaýlary ýanyp dur. Harby eşikdäki elleri ýaragly toparlar adamlary Özbegistana goýbermezlik üçin atýarlar” diýip, Ermatow aýdýar.

Halkara çagyryşlar

Gyrgyzystanyň wagtlaýyn hökümeti Oş we Jelalabat şäherlerinde adatdan daşary ýagdaý yglan etdi we ol ýerlere komentant sagadyny girizdi.

Gyrgyzystanyň wagtlaýyn hökümetiniň ýolbaşçysy Roza Otunbaýewa “ýurdy durnuksyzlaşdyrmak isleýän içerki güýçler bar” diýip, žurnalistlere aýtdy.

Şenbe güni irden Otunbaýewa Oşdaky dowam edýän çaknyşyklar bilen baş alyp çykmak üçin Moskwa hat ýollap, kömek sorandygyny mälim etdi.

“Düýnden bäri ýagdaýlar gözegçilik ederden ýitileşip başlady. Bize Gyrgyzystandan başga üçünji tarapyň harby kömegi gerek” diýip, Otunbaýewa aýtdy.

Moskwa Gyrgyzystana diňe ynsanperwerlik kömeklerini iberjekdigini aýtdy, harbylary ibermek meselesini 14-nji iýunda maslahatlaşmagy teklip etdi.

“Bu içerki konflik we Orsýetiň bu dartgynlygy çözmäge gatnaşmagy üçin entek şertler döremedi” diýip, Kremliň metbugat wekili rus habar agentliklerine aýtdy.

Orsýetiň Gyrgyzystandaky harby bazasynda 500-e golaý esger bar. Şol bazadaky howpsuzlygy üpjün etmek üçin Orsýetiň paraşutçylary iberendigi aýdylýar.

Amerikanyň Birleşen Ştatlary Gyrgyzystanyň Oş şäherinde we beýleki ýerlerde tizden-tiz parahatçylygy we tertip-düzgüni ýola goýmaga çagyrdy.

Birleşen Ştatlaryň Döwlet departamentiniň beýannamasynda Gyrgyzystandaky wakalara Waşingtonda dykgat bilen syn edilýändigi bellenýär.

ABŞ Gyrgyzysatynyň demirgazygyndaky Manas harby bazasyny Owganystandaky halkara koalisiýaon güýçleri üpjün etmek üçin ulanýar.

BMG-niň Baş sekretary Ban Ki-Mun soňky beýanatynda çaknyşyklaryň derejesi we regiondan gaçýan adamlaryň ýagdaýlary barada uly alada bildirdi.

Türkmenistan Oşdaky studentlerini ýurda alyp gaýtmak üçin iki sany ýolagçy uçaryny iberdi, ol ýerde 1000-e golaý türkmenistanly studentiň bardygy aýdylýar.

Türkmen studentleriniň Oş regionyndaky harby birikmä jemlenendigini, olary alyp gaýtmak üçin iki uçaryň ýeterlik däldigini Oşda okaýan türkmen studenti aýtdy.
XS
SM
MD
LG