Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Belgiýa saýlawlarynda separatist partiýa köp orun utdy


Belgiýanyň hollandça gürleýän böleginiň garaşsyz bolmagyny wagyz edýän separatist partiýa Belgiýanyň parlament saýlawlarynda orunlaryň uly bölegini utdy.

Ýekşenbe güni geçirilen saýlawlaryň soňky netijeleri Täze Flaman ýaranlygynyň 150 deputat ornundan 27-sini utandygyny görkezýär.

Bu Belgiýada bölünişigi wagyz edýän partiýanyň milli saýlawda ilkinji gezek şeýle kän orun alşydyr.

Bu partiýa Belgiýany ýurduň demirgyzygyndaky hollandça gürleýän flanderler bilen günortadaky fransuzça gürleýän wallonlaryň arasynda iki bölmegi goldaýandygyny aýdýar.

Ýöne bu partiýa şu saýlawdan soň ýurdy dolandyrjak bolsa, wollon partiýalary bilen koalisiýa düzmeli.

Sosialistler Wolloniýada köp ses aldylar we 26 orun utdular.
XS
SM
MD
LG