Sepleriň elýeterliligi

Ysraýyl gämi hüjümi babatda derňew geçirjegini aýdýar


Ysraýyl öz goşunlarynyň Gaza zolagyna kömek ýüklerini getirýän gämilere geçiren reýdi babatda derňew geçirjegini aýtdy.

Premýer-ministr Benýamin Netenýahuyň edarasy şu gün hökümetiň 31-nji maýdaky reýd babatda «garaşsyz jemgyetçilik komissiýasy» diýilýäne jemleýji tassyknamasyny bermegine garaşylýandygyny aýtdy.

Şol reýdde türkiýeli palestinaçy aktiwistleriň 9-sy öldürilipdi.

Ysraýylyň beýanatynda derňew komissiýasyna Ysraýylyň Ýokary sudunyň dynç alşa çykan sudýasynyň ýolbaşçylyk etjegi, oňa Demirgazyk Irlandiýadan we Kanadadan iki daşary ýurtlynyň kömekçi boljagy aýdylýar.

Birleşen Ştatlar Ysraýylyň bu derňewi adalatly geçirjegine ynanýandygyny aýtdy.
XS
SM
MD
LG