Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pakistan Talybana kömek berýänini inkär edýär


Pakistan harbylarynyň sözçüsi Pakistanyň ISI aňtaw gullugynyň Owganystandaky Talybana kömek berýändigi barada ýaýradylan hasabatyň «bet matlaplydygyny» aýtdy.

Bu hasabat Londonyň abraýly Ykdysady mekdebi tarapyndan çap edilip, onda ISI aňtaw gullugynyň Talybany maliýe, tälim hem gaçybatalga bilen üpjün edýändigi öňe sürülýär.

Sözçi Athar Abbas AFP habar gullugyna pakistan harbylarynyň we aňtaw gullugynyň işgärleriniň terrora garşy uruşda wepat bolmagynyň özi hem bu aýdylýanlara garşy delil diýdi.

Ol bu aýyplama esassyz we bet matlaply diýdi.
XS
SM
MD
LG