Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Onlarça müň özbek Gyrgyzystandan gaçýar


Ýurduň günortasyndaky ganly etniki çaknyşyklaryň tapgyr üçünji gün dowam etmegi bilen, özbegistan onlarça müň özbek bosgunynyň Gyrgyzystandan gaçýandygyny aýdýar.

Günortadaky Oş hem Jelalabat sebitlerinde özbek azlygy bilen ýerli gyrgyzlaryň çakynyşyklary netijesinde 100-den gowrak adamyň ölendigi, 1404-den gowrak adamyň bolsa ýaralanandygy aýdylýar.

Gyrgyzystanyň geçiş hökümeti 12-nji iýunda howpsuzlyk güýçlerine atyp öldürmek ygtyýaryny bereli bäri, zorluk-sütemiň öňüni almaga kömek etmek üçin goşmaça güýç iberýär.

Halkara günä geçiş guramasy Gyrgyzystany öz özbek azlygyny jynsy zorlukdan goramaga, ýurduň goňşularyny bolsa bosgunlara serhetlerini açyk saklamaga çagyrdy.

Şularalykda Interfaks habar gullugy Orsýetiň bu ýurtdaky bazasynyň howpsuzlygyny berkitmek üçin goşmaça güýç iberendigini aýtdy.
XS
SM
MD
LG