Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gyzyl haç Günorta Gyrgyzystandaky ýagdaýyň «agyrdygyny» aýdýar


Halkara Gyzyl haç komiteti etniki gyrgyz we özbek toparlarynyň arasynda bolan çaknyşyklardan soň günorta Gyrgyzystandaky ýagdaýyň agyrlaşýandygyny aýtdy.

Şularalykda Orsýetiň Gyrgyzystanyň demirgazygyndaky Kant şäherinde ýerleşýän howa bazasynyň goragyny berkitmek üçin 150 çemesi esger iberendigi aýdylýar.

Ýöne Moskwa bu ýurduň günortasyndaky ýagdaýy durnuklaşdyrmaga kömek üçin goşun iberme planynyň ýokdugyny aýtdy.

Gyrgyzystanyň Saglyk ministrligi azyndan 113 adamyň – Oşda 92, Jelalabatda bolsa 21 adamyň ölendigini aýdýar.

Soňky üç günüň içinde 1400-den gowrak adamyň ýaralanandygy aýdylýar.

Onlarça müň özbegiň başlaryny gutarmak üçin öýlerini taşlap gaçandygy aýdylýar.
XS
SM
MD
LG