Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ-nyň Döwlet sekratarynyň kömekçisi Türkmenistana gelýär


Birleşen Ştatlaryň döwlet sekretarynyň Günorta we Merkezi Aziýa boýunça kömekçisi Robert Bleýk 14-nji we 16-njy iýun aralygynda Türkmenistna sapar edýär. Bu barada ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň metbugat gullugy habar berdi.

Berlen maglumata görä, Bleýk Türkmenistan bilen ýyllyk ikitaraplaýyn konsultasiýa geçirjek resmi delegasiýa ýolbaşçylyk edýär.

Delagasiýanyň düzüminde döwlet sekretarynyň demokratiýa we adam hukuklary boýunça kömekçisi Maýkl Pozner we ABŞ-nyň milli howpsuzlyk geňeşiniň Merkezi Aziýa boýunça direktory Kurt Donneli bar.

«Energiýadan başlap adam hukuklaryna çenli ikitaraplaýyn meseleleriň giň tapgyryna serediler» diýip, habarda aýdylýar.
XS
SM
MD
LG