Sepleriň elýeterliligi

Türkmen uçarlary Türkmenabada gondy


Ýekşenbe güni türkmen häkimiýetleri Gyrgyzystanyň günortasynda okaýan türkmenistanly studentleri ýurda alyp gaýtmagyň ugruna çykdylar.

Düýn giçlik Türkmen Howa Ýollarynyň iki ýolagçy uçary Gyrgyzystanyň günortasyna bardy we 200-e golaý türkmenistanly studentleri alyp gaýtdy.

Studentleri alyp gaýdan uçarlar gijäniň ýaryndan soň Türkmenistanyň Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde gondy. Bu barada Azatlyk Radiosynyň Türkmenistandaky habarçysy aýtdy.

Gyrgyzystanyň günortasyndaky şäherlerde okaýan türkmenistanly studentleriň sanynyň 1000-e golaýdygyny, iki ýolagçy uçarynyň ýeterlik däldigini Oşda okaýan türkmenistanly student Azatlyk Radiosyna habar berdi.

Türkmenistanly studentleriň Gyrgyzystanyň günortasyndaky harby birikmeleriň birine jemlenendigi, häzir ol ýerde ýene 700-e golaý studentiň türkmen uçarlaryna garaşýandygy aýdylýar.

Oş şäherinde okaýan türkmenistanly studentiň Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, Oşdaky türkmen studentleriniň köpüsi harby birikmä jemlenipdir, emma Jelalabatdakylaryň käbiri bilen aragatnaşyk kesik bolmagynda galýar.

Gyrgyzystanda okaýan studentleri Türkmenabadyň aeroportyna alyp baran uçarlaryň Gyrgyzystana gaýtadan iberilendigi habar berilýär. Indiki reýsleriň hem Türkmenabada gonmagyna garaşylýar.

Aeroport bilen habarlaşmak üçin telefonlar: 0099312-232034; 0099312-350613
XS
SM
MD
LG