Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gözel: "Ekologiýa problemasy hemmämiziň işimiz"


Gözel: "Häzirki iň uly problema, meniň pikirim boýunça, ekologiýa problemasy"
Gözel: "Häzirki iň uly problema, meniň pikirim boýunça, ekologiýa problemasy"

Çehiýanyň parlamentine geçen saýlawlara gatnaşan, Çehiýada ýaşaýan hem işleýän türkmen gyzy Gözel bilen söhbetdeşlik. Söhbetdeşligi geçiren Maýsa Baba gyzy.

Azatlyk Radiosy: Diňleýjilere özüňizi tanyşdyrsaňyz gowy bolardy.

Gözel: Meniň adym Gözel. Men Aşgabat şäherinde doguldym. Şol ýerde orta mekdepde okadym. Soňra Halk hojalyk institutyna okuwa girdim. Dört ýyl okamsoň, okuwy taşlap, Çeh respublikasyna gitmeli bolduk. Bu ýerde „Vysoká škola ekonomická” diýen Ýokary ykdysady mekdebe girdim. Şol instituty gutaranymdan soň, dürli edaralarda işledim. Häzirem bir edarada ykdysatçy bolup işleýän.

Azatlyk Radiosy: Gözel, ynha Ýewropanyň Praga şäherinde Çehiýanyň parlamenti üçin, deputatlyga öz kandidaturaňyzy goýmaga nädip ýetişdiňiz?

Gözel: Men köp pikir etdim. Sebäbi kakam Türkmenistanda şeýle herekete gatnaşdy. Menem bärde gatnaşmak üçin pikir etdim. Men Ýaşyllary saýladym. Häzirki iň uly problema, meniň pikirim boýunça, ekologiýa problemasy. Bu bir milletiň ýa bir döwletiň işi däl, hemmämiziň işimiz. Bizde bärde diýýärler: ekologiýa öz öýüňden başlanýar. Şonuň üçin men ýaşyllar hereketini goldadym. Ikiji zadam korrupsiýa. Çehiýa respublikasynda iň arassa, iň korrupsiýasyz hereket – Ýaşyllar hereketi. Şonuň üçin men olary saýladym. Olar bolsa meni öz ýaşaýan ýerimde, Praga şäheriniň bir raýony boýunça başlyk edip saýladylar. Şeýdip, men Çehiýada geçen parlament saýlawlaryna gatnaşdym. Elbetde, ol sanawda meniň adym yzdady. Nähilem bolsa-da birnäçe ses aldym. Ýöne Ýaşyllar – biziň hereketimiz 5 % çäkden geçip bilmediler. Şonuň üçin parlamente bu gezek geçmedik.

Azatlyk Radiosy: Gözel, ynha Çehiýanyň metbugatynda şu korrupsiýa barada köp aýdylýar. Şu korrupsiýa ýagdaýy biziň Merkerzi Aziýa döwletlerimizde-de uly problema bolup durýar. Pragadaky korrupsiýanyň ýagdaýy barada birazajyk gürrüň berseň.

Gözel: Korrupsiýa Çehiýada-da uly problema. Statistika boýunça puluň köp milliony korrupsiýa gidýär. Şoňa-da garşy göreşmeli bolýas.

Azatlyk Radiosy: Gozel, şu deputatlyga taýýarlan programmaň barada azajyk gürrüň berseň.

Gözel: Men şol programmany hereketimiziň agzalary bilen hemmämiz bile ýazdyk. Biziň programmamyzyň dört esasy punkty bar. Ol – korrupsiýa garşy göreşmek, ekologiýa, ykdysadsyýet we bilim sistemasyny ösdürmek.

Azatlyk Radiosy: Gozel, nähili sebäplere görä siz şu saýlawlarda ýeňiş gazanyp bilmediňiz?

Gözel: Meniň pikirim boýunça, adamlaryň düşünjesinden görýäris. Sebäbi adamlar ekologiýa meselesi ýa-da korrupsiýa däl-de, ykdysady mesele bilen köp gyzyklanýarlar. Olara pensiýalary köpeltjek ýa-da salgydy azaltjak diýseň, şony eşidýärler. Ekologiýa meselesi, meselem, şäheriň howasynyň arassalygyny gazanmak ýa-da howa köp tüsse goýberýän köne maşynlary azaltmak, kömür ýakmaklygy gadagan etmek, adamlar üçin şu wagt onçakly gyzykly däl.

Azatlyk Radiosy: Gözel, indi bi geljeki planlaryňyz barada gürrüň beräýseňiz.

Gözel: Geljeki planlarym oktýabrda Praga şäherinde saýlaw bolýar - Praganyň Maslahatyna. Şoňa-da men gatnaşjak. Şu wagtdan şoňa-da taýýarlanjak.

Azatlyk Radiosy: Üstünlikler saňa! Gözel, Türkmenistandaky ýaşlara nähili arzuw-islegleriňiz bar? Olara näme arzuw-niýetler edýäňiz?

Gözel: Men olaryň bilimli bolmagyny isleýän. Gowy okasynlar, gowy dil öwrensinler. Häzirki wagtda dil bilmeseň, hiç ýere çykyp bolanok. Ýene bir islegim, olar öz hak-hukuklaryny bilsinler. Şonda olar gaty bir kösenmezler diýip, pikir edýän.
XS
SM
MD
LG