Sepleriň elýeterliligi

Gyrgyzystandaky etniki konfliktleriň sebäbi näme?


Etniki özbek gyrgyz-özbek serhedinde garaşýar, 14-nji iýun, 2010-njy ýyl.

Etniki özbek gyrgyz-özbek serhedinde garaşýar, 14-nji iýun, 2010-njy ýyl.

Günorta Gyrgyzystanda, aýratynam Oş we Jelalabat şäherlerinde soňky günlerde dowam edýän gazaply etniki çaknyşyklar, olaryň sebäpleri hakda Azatlyk Radiosyyň žurnalisti Myrat Nurgeldi Şwesiýada ýaşaýan garaşsyz ýazyjy A.Welsapar bilen söhbetdeşlik geçirdi.


Azatlyk Radiosy: Oş we Jelalabat şäherlerinde ýüze çykan çaknyşyklaryň düýbünde nähili sebäpler ýatyr?

A.Welsapar
A.Welsapar:
Oş wakalarynyň düýbünde etniki problemalar ýatyr. Oş şäherinde 250 müň töweregi adam ýaşaýar. Şolaryňam gylla ýarysy diýen ýaly etniki özbekler. Olar özlerini etniki taýdan kemsidilýän hasap edýärler. Ýerli gyrgyzlar bolsa, tersine, özbek ilatyny çakdanaşa aktiwlikde günäleýärler, hamana, olar biziň hakymyzy iýýärler diýip hasap edýärler. Munuňam sebäbi ol regionda ozaldan belli problema – ilat gür, ýerem az.

Taryha göz aýlasaň, onda Oş şäheri Orta Aziýanyň köneden oturymly ýerleriniň biri. Umuman, Fergana jülgesinde, şol sanda Oş hem Jelalabat şäherlerinde, şular ýaly konfliktiň ýüze çykmagynyň esasy sebäbi – bu ýerler etniki taýdan garym-gatym hem Orta Aziýanyň köneden gür ilatly regionlary. Bu taýda mydama-da ilat sany köp, ýerem hemişe az, üstesine-de häzirki wagtda sosial ýagdaýam agyr. Bu regiondaky etniki hem sosial konfliktleriň köki şolar ýaly düýpli problema barýar. Häzirki ýaly dawalar, ganly çaknyşyklar bu taýda ozalam bolupdy 1990-njy ýylda, Sowet Soýuzy döwründe, häzirem, ine, şeýle ýagdaý, gynansagam, gaýtalandy.

Agzalan problemalar kiçi-girim mesele däl, ýagny regionda ilatyň köplügi, ýeriňem ýetmeýänligi, adamlaň sosial-durmuş şertleriniňem pes bolmagy we şonuň bilen bagly problemalaryň hem kem-kemden toplanyp, wagtynda-da çözülmänsoň, ahyry, ynha, 2010-njy ýylda öňki bolan tragediýa gaýtadan ýene-de gaýtalandy, ýene-de etniki konflikt turdy.

Azatlyk Radiosy: Häzirki konflikti nähili çözüp bolar? Meseläniň çözgüdi nämede diýip hasap edýärsiňiz?

A.Welsapar:
Häzirki konfliktiň çözgüdi, elbetde, ykdysady hem sosial sferada ýatyr. Eger-de Oşda we Jelalabatda, umuman, şol regionda hem şoňa meňzeş beýleki ýerlerde häkimiýetler öz wagtynda ýaşlaň problemalaryny, işsizlik problemasyny akylly-başly çözen bolsalar, onda häzirki çaknyşyklar ýüze çykmazdy. Şol ýerde etniki meseleleriň, problemalaryň barlygy ozaldanam bellidi. Ýöne häkimiýetler öňki gezegem, ýagny 1990-njy ýylda, Sowet goşunyny salyp, güýç bilen basyp ýatyrdylar. Bu, elbetde, dogry, ganly konfliktlere ýol bermeli däl, olary güýç bilenem bolsa, derrew duruzmaly. Ýöne, gynansagam, şondan soň bar bolan problemalar ýatdan çykaryldy, şol durşuna düýpli çözülmän galdyryldy. Olaram kem-kemden artyp, toplanyp, ynha, täzeden ýene urup çykdy. Indi häzir şol konfliktlerden hemişelik dynmak üçin ilki bilen sosial hem ykdysady problemalary çözmeli. Adamlara mellek ýerleri gerekmi – bermeli, beýleki zerur meselelerine esewan etmeli. Şol taýdaky problemalar bilen tanşyp görseň, köp zatlara göz ýetirýärsiň: ýaşlar öýsüzlikden, işsizlikden kösenýärler. Olara mellek ýerleri gerek, öý gurunmaga serişde gerek, iş ýerleri gerek. Eger-de häkimiýetler bu soraglary tizden-tiz hem uzak möhletleýin çözüp bilseler, onda, meniň pikirimçe, regionda şuňa meňzeş konfliktleriň hemişelik öňüni alsa bolardy.

Azatlyk Radiosy: Azatlyk Radiosynyň websahypasyna Oşdaky wakalar bilen baglanyşykly çap edilýän maglumatlara gelýän teswirlerde şeýle düşünjeler öňe sürülýär: “Merkezi Aziýa ýurtlarynyň halklaryna erkinlik bererden ir. Bu taýda entek awtoritarizm nähilem bolsa bir görnüşde dowam etdirilmeli”. Eýse, häzirki wakalaryň demokratiýa ýa awtoritarizm bilen nähili baglanyşygy bar?

A.Welsapar: Ol wakalaň demokratiýa bilen baglanyşygy ýokdur, ýöne awtoritarizm bilen welin, näçe diýseň, baglanyşygy bardyr. Sebäbi Orta Aziýada uzak wagtlap diktatura höküm sürdi: ozal-a tas bir asyrlap totalitar sowet gurluşy dowam etdi, ýaňy ondan dynylyp, garaşsyzlyga çykylansoňam, bu regionyň döwletlerinde milli awtoritar režimler emele geldi. Awtoritar dolandyryşly režimlerde-de söz azatlygyna, demokratiýa ýene-de ýol berilmedi, onsoň ozaldan gelýän problemalar toplandy gitdi oturdy. Oşda we Jelalabatda ýüze çykanam hut şol wagtynda çözülmedik problemalardan. Oşda adamlara ýörite meçew berlipdir diýen habarlar bar. Belki, şeýledir, kimdir birine Gyrgyzystanda 27-nji iýunda ýurduň täze Konstitusiýasy bilen baglanyşykly geçirilýän referenduma päsgel bermek gerekdir? Ýöne eger aslynda düýpli problema bolmasa, meçew berip, beýle ullakan ganly konflikti turuzmak mükin däl.

Çözülmedik meseleler häzir Orta Aziýanyň käbir beýleki ýerlerinde-de bar hem assyrynlyk bilen ösüp gidip otyr. Sebäbi üstüni basyranyň bilen hiç bir problama öz-özünden çözülenok ýa ýok bolup gidenok, ol diňe bildirmän ulalýar we özüni görkezmek üçin diňe amatly pursata garaşýar, amatly ýagdaý dörände-de, ýagny häkimiýet sähel gowşasa ýa şoňa meňzeş ýagdaý bolsa, ozal çözülmedik, üsti gömlen dawa-jenjeller ”dişini” görkezýär. Ýöne olary demokratiýa bilen baglanyşdyrmak örän adalatsyzlyk bolar. Sebäbi demokratik ýurtlarda şeýle problemalar açyk hem has öňünden çözülýär. Diktaturanyň höküm sürýän ýurtlarynda welin, ençeme düýpli problemalar çözülenok-da, diňe basylyp ýatyrylýar. Onsoň şol basylyp ýatyrylan konfliktler, soňra islendik wagtda ýene-de täzeden gaýtalanyp bilýär.

Şonuň üçinem häzirki wagtda Gyrgyzystanda bolup geçýän bu tragiki konflikti, ganly çaknyşyklary demokratiýa bilen baglanyşdyrýan adamlar, elbetde, ol problemalaň köküne ýa-da düşünenoklar, ýogsa-da düşünmek islänoklar.

Azatlyk Radiosy: Türkmenistanyň iki sany uçary iberip, türkmen studentlerini alyp gaýtmagyna nähili baha berýäňiz?

A.Welsapar: Bu örän gowy ädim.Bu meselede biz garaşsyzlyk döwründe ilkinji gezek Türkmenistanyň öz graždanlary hakynda, onda-da öz ýaş adamlary, studentleri hakynda eden aladasyny gördük. Şeýle ýagdaýlarda islendik döwlet, eger-de ol özüne hormat goýýan bolsa, onda hökman öz adamlarynyň aladasyny edäýmeli! Bu başga hili bolubam bilmez. Şonuň üçinem edil häzir Türkmenistandan iki sany uçaryň baryp, türkmen studentlerini ýurda alyp gaýtmagy – örän gowy waka. Biz şu meselede ilkinji gezek Türkmenistanyň döwlet hökmünde öz adamlary, graždanlary hakynda edýän aladasyny görýäris.

Bu işde geleňsizlik edilse, örän uly ýalňyşlyk bolardy. Sebäbi Gyrgyzystanda häzirki wagtda müňlerçe türkmen studentleri okaýar. Türkmenistanyň daşary ýurtlarda okaýan türkmen ýaşlaryna gyýa göz bilen garaýanlygy sebäpli, gynansagam, Gyrgyzystandaky türkmen studentleriniň anyk sanyny bilemzok. Ýöne diňe Oşuň özünde bäş sany ýokary okuw jaýynyň bardygyny göz öňünde tutsaň, onda häzirki günlerde gandöküşikli etniki konfliktleriň barýan ýerinde müňden gowrak türkmen ýaşlarynyň barlygyny çak etse bolar.

Iň möhüm mesele-de, häzirki wagtda zerurlyk bilen Türkmenistana alnyp gaýdylan studentleriň soňra koflikt ýatansoň, regionda we Oş şäherinde dunuklylyk dikeldilensoň, gurmaçylykly ýagdaýda öz okaýan şäherlerine dolanyp barmagyna ýardam bermeli. Sebäbi ýaşlar soňra öz okuwlaryny ýene-de dowam etmeli. Ýaşlaryň okuwyny giden-gitdi kesmek hem olaryň ene-atalarynyň öz çagalaryna Türkmenistanda mümkin bolmadyk ýokary bilimi berjek bolup eden çykdajylaryny köýdürmek bolmaz.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG