Sepleriň elýeterliligi

ÝB-niň resmisi Eýranyň wekilini gepleşige çagyrdy


Duşenbe güni Ýewropa Bileleşiginiň daşary işler boýunça ýolbaşçysy Katerin Aşton özüniň Eýranyň ýadro meseleleri boýunça araçyl wekili Saed Jalilini ýörite gepleşige çagyrandygyny aýtdy.

Bu wakanyň öňýany Ýewropa Bileleşigi Eýranyň ýadro programmasy bilen baglanyşykly bu ýurda garşy täze sanksiýalary girizmekligi göz öňünde tutýandygyny mälim edipdi.

Duşenbe güni Lýuksemburga ýygnanan Ýewropa Bileleşiginiň daşary işler ministrleri Eýrana garşy girizilmegi göz öňünde tutulýan şu sanksiýalar barada pikir alyşdylar.

Geçen hepde Birleşen Milletler Guramasynyň Howpsuzyk Geňeşi Eýrana garşy dördünji tapgyr sanksiýalary tassyklap, ses beripdi.
XS
SM
MD
LG