Sepleriň elýeterliligi

Ysraýyl gämi hüjümleri boýunça derňew geçirmekligi oňlady


Duşenbe güni Ysraýylyň Ministrler Kabineti iki hepde mundan öň Gaza sektoryna barýan gumanitar gämä Ysraýylyň harbylarynyň eden hüjümi bilen baglanyşykly ýörite derňew geçirmekligi oňlap, ses berdi.

Bu barada dörediljek komissiýa Ysraýylyň Ýokary sudunyň ozalky başlygynyň ýolbaşçylyk etjekdigi habar berilýär.

Mundan daşary, maglumata görä, bu komissiýanyň düzüminde daşary ýurtly synçylardan hem ikisi bolar.

Emma Türkiýäniň Daşary işler ministri Ahmed Dawutoglu Ysraýylyň döretjek beýle komissiýasynyň tarapgöý iş alyp barjakdygyny öňe sürüp, bu iş boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň gözegçiliginde garaşsyz kommissiýanyň döredilmegine çagyryş etdi.

Ahmed Dawutoglu Türkiýäniň bu ugurdaky talaplarynyň ýerine ýetirilmedik halatynda Türkiýäniň öz Ysraýyl bilen gatnaşyklaryny düýpli üýtgetmeginiň mümkindigi bilen duýduryş berdi.

Iki hepde mundan öň bolan şol hüjümlerde 9 adam ölüpdi, şolardan 8-si Türkiýäniň raýatlary.
XS
SM
MD
LG