Sepleriň elýeterliligi

Berdimuhamedow ABŞ-nyň resmilerini kabul etdi


ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň Günorta we Merkezi Aziýa meseleleri boýunça kömekçisi Robert Bleýk (sagda) we ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň Demokratiýa, adam hukuklary we zähmet meseleleri boýunça kömekçisi Maýkl Pozner, 14-nji iýun, Aşgabat.

ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň Günorta we Merkezi Aziýa meseleleri boýunça kömekçisi Robert Bleýk (sagda) we ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň Demokratiýa, adam hukuklary we zähmet meseleleri boýunça kömekçisi Maýkl Pozner, 14-nji iýun, Aşgabat.

14-nji iýunda Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ABŞ-nyň hökümet delegasiýasynyň hatarynda Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasyndaky syýasy geňeşmelere we bilelikdäki biznes forumyna gatnaşmak üçin Aşgabada gelen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň Günorta we Merkezi Aziýa meseleleri boýunça kömekçisi Robert Bleýki we ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň Demokratiýa, adam hukuklary we zähmet meseleleri boýunça kömekçisi Maýkl Pozneri kabul etdi.

Duşuşyga ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň işleri wagtlaýyn ynanylan wekili hanym Silwiýa Rid Karran hem gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň döwlet mediasy habar berýär.

Duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň prezidenti G.Berdimuhamedow we ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň ýokary wezipeli wekilleri iki ýurtlaryň döwlet ösüşiniň ileri tutýan ugurlaryny nazara almak bilen, ýola goýulýan türkmen-amerikan hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýy we geljegi barada pikir alyşdylar.

Türkmen prezidenti bilen ýokary wezipeli myhmanlar özara peýdaly döwletara gatnaşyklar esasynda soňky ýyllarda toplanan oňyn tejribelere ýokary baha bermek bilen, taraplaryň deňlik we birek-birege hormat goýmak esasynda ýola goýulýan gatnaşyklary mundan beýläk-de gyşarnyksyz ösdürmäge taýýardyklaryny tassyk etdiler.

Iki döwletiň arasynda geçirlýän syýasy geňeşmeler köp babatda gatnaşyklaryň ösdürilmegine gürrüňsiz ýardam berjekdigini duşuşyga gatnaşyjylar bellediler.

Ilkinji gezek geçirilýän ikitaraplaýyn geňeşmeler Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasyndaky gatnaşyklaryň möhüm ugruny, şeýle-de owgan meselesini, söwda, ykdysady, energetika, gumanitar hyzmatdaşlygy hem-de ählumumy howpsuzlygy üpjün etmek ulgamyny öz içine alýar.

Robert Bleýk we Maýkl Pozner Türkmenistanyň parahatsöýüjilikli daşary syýasatyna, şol sanda goňşy Owganystanda durnuklylygy pugtalandyrmaga gönükdirilen möhüm halkara başlangyçlaryna ýokary baha berdiler we bu ugurda türkmen tarapynyň soňky ýyllarda degerli tagalla edýändigini aýtdylar

Delegasiýanyň agzalary ABŞ-nyň hökümet hem-de işewür toparlarynyň özara bähbidi hem-de hyzmatdaşlygy üçin ägirt uly mümkinçilikleri nazara almak bilen, ähli pudaklar boýunça türkmen hyzmatdaşlary bilen netijeli gatnaşyklary ýola goýmaga çalyşýandyklaryny tassykladylar.

Ýerli habarçynyň maglumatlary esasynda taýýarlandy.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG