Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ysraýyl konwoý hüjümi boýunça derňew geçirmekçi


Ysraýylyň harbylary “Reýçel Korri” gämisiniň ýanynda, 5-nji iýun, 2010-njy ýyl.
Ysraýylyň harbylary “Reýçel Korri” gämisiniň ýanynda, 5-nji iýun, 2010-njy ýyl.

Ysraýyl Gaza zolagyna gumanitar kömek alyp barýan halkara konwoýyna öz esgerleri tarapyndan edilen heläkçilikli hüjüm barada barlag geçirmek üçin ýörite komissiýa döretjekdigini aýtdy.

Ysraýylyň Ministrler Kabineti premýer-mininstr Benýamin Netanýahunyň ýolbaşçylygynda duşenbe güni bu derňewi resmi taýdan oňlady. Bu komissiýa Ysraýylyň ýokary sudunyň öňki agzasy Ýaakow Turkel ýobaşçylyk eder.

Bu komissiýanyň içinde iki sany daşary ýurtly gözegçi hem bolar. Bularyň biri parahatçylyk boýunça Nobel baýragy bilen sylaglanan Demirgazyk irlandiýaly Dawid Trimble, beýlekisi hem Kanadanyň öňki baş harby prokurory Geneal Ken Watkin.

Ysraýyl bu işi halkara derejesinde görkezilen gysyş netijesinde zoraýakdan edýär. Sebäbi ol indi öz saýlama harby toparynyň nähili ýagdaýda gumanitar ýük alyp barýan gämidäki dokuz aktiwisti öldürenligi barada halkara guramalaryna hasabat bermeli.

Tankytçylary kanagatlandyrjakdygy gümana

Ýöne munuň bolan waka hakda bütinleý garaşsyz halkara komissiýasynyň barlag geçirmegini talap edýän Türkiýe ýaly tankytçylary kanagatlandyrjakdygy gümana.

Netanýahu bir beýanatda adatdan daşary ýagdaýyň emele gelendigi göz öňünde tutulyp, barlag geçirjek topara iki sany daşary ýurtly ekspertin gözegçi hökmünde goşulandygyny aýtdy.

Ýöne bu iki ekspertiň barlag işleriniň alnyp barlyşy we komissiýanyň çykarýan netijeleri barada ses bermek hukugy ýok. Ysraýylyň milli howpsyzlygyna zyýan ýetirmegi mümkin diýip hasap edilýän dokumentler hem olara görkezilmez.

Komissiýa bu hadysa gatnaşan esgerlerden göni sorag hem edip bilenok. Olar bu esgerleriň ysraýyl harbylary tarapdyndan edilen soraglara beren görkezmelerine esaslanmaly.

“Öňe tarap möhüm ädim”

Muňa garamazdan, Ysraýylyň ýakyn ýarany Amerikanyň Birleşen Ştatlary bu karary oňat garşylap, ony “öňe tarap möhüm ädim” diýip atlandyrdy.

Amerikanyň Birleşen Milletler Guramasyndaky ilçisi Suzan Raýs ynandyryjylykly derňew formasyny tapmak üçin Waşingtonyň Ysraýyl bilen hyzmadaşlyk edenligini aýtdy.

“Ysraýylyň bular ýaly ygtybarly we bitarap derňewe islegi we başarnygy bar diýip, biz turuwbaşdan aýtdyk. Geçen birnäçe hepdelikde Ysraýyl bu derňew plany barada oýlanyp ýörkä, biz olar bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk etdik. Biziň goldaýanymyz we bu meseläniň çözgüdi diýip pikir edýänimiz şu” diýip, Raýs aýtdy.

“Gabaw kabul ederliksiz”

Kömek konwoýyna edilen hüjüm halkara jemgyýetçiliginiň ünsüni Ysraýyl Gazanyň daşyndaky üç ýyl bäri dowam etdirilýän gabawa çekmegi başardy.

Ýewropa Bileleşiginiň şu gün Lýuksemburgda duşuşan Daşary işler ministrleri beýannama çykaryp: “Bu gabaw kabul ederliksiz. Ol islenen netijäniň tersine bolýar” diýdiler.

Halkara Gyzyl haç Komiteti hem şu gün: “Gabaw Ženewa Konwensiýasyna ters gelýär. Gazada etmedik işleri üçin bigünä adamlar jezalandyrylýar” diýdi.
XS
SM
MD
LG