Sepleriň elýeterliligi

Şu gün prezident Obama telewideniýede çykyş eder


Şu gün ABŞ-nyň prezidenti Barak Obamanyň milli telewideniýe boýunça Meksikan aýlagyndaky skwažinadan nebitiň syzmagy bilen emele gelen ýagdaýyň netijelerini aradan aýrymak barada çykyş ederine garaşylýar.

Prezident kynçylyklary başdan geçirýän regiona dördünji gezek ugrady. Indi iki aý töwregi wagt bäri nebit skwažinasyndan suwa ýüz müňlerçe barrel nebit akyp dur. Obama Alabama, Missisipi we Florida ştatlaryna barar.

Nebit syzýan skwažina British Petroleum kompaniýasyna degişli bolup, onuň nebiti saklamaga edýän synanyşyklary şu wagta çenli netijesiz bolup gelýär.

Bu betbagtçylygy ABŞ-nyň taryhynda iň uly ekologik katastrofa atlandyrýarlar.
XS
SM
MD
LG