Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ÝB Eýrana garşy öz sanksiýalaryny güýçlendirer


ÝB Eýrana garşy öz sanksiýalaryny güýçlendirer. Eýran bilen söwda, bank, ätiýaçlandyryş ugurlaryna, Eýrandan deňiz hem howa transportlary arkaly getirilýän ýüklere sanksiýa girizmek barada düýn ÝB agza ýurtlaryň DIM-leri Lýuksemburgda bolan duşuşykda ylalaşdyrlar.

Eýrana berilýän tehnologiýa kömegine çäklendirme girizmek kararyna gelindi. Mundanam başga Eýranyň nebit-gaz senagatyna täze inwestisiýa gadagan edilýär.

Lýuksemburgdaky maslahat açylmazynyň öň ýany Ýewropa Geňeşiniň daşary işler boýunça sekretary Kätrin Aşton şeýle diýdi: “Men Eýranyň ýadro programmasy boýunça gepleşiklerde baş wekili jenap Jalilä hat ýazdym hem ony ýadro ýaragy bilen bagly meseläni maslahatlaşmak üçin duşuşmaga çagyrdym. Bu konflikti iki tarap bolup çözmek ýolunda öňe tarap herekete synanyşyk”.

Sanksiýa girizmek barada gutarnykly karara 17-nji iýunda Ýewropa Bileleşiginiň Brýusselde açylýan sammitinde gelner.
XS
SM
MD
LG