Sepleriň elýeterliligi

Bakyýewiň ogly Maksim Angliýada tussag edildi


Gyrgyzystanyň wezipeden çetlendirilen prezidenti Kurmanbek Bakyýewiň ogly Interpolyň rugsady bilen Beýik Britaniýada tussag edildi.

Gyrgyzystanyň Milli howpsuzlyk gullugynyň baştutany Keneşbek Duýşebaýew Farnboro aeroportuna gelip düşen badyna Maksim Bakyýewiň tussag edilendigini aýtdy.

Gyrgyz häkimiýetleriniň maglumatyna görä, Maksim Bakyýew Britan häkimiýetlerinden syýasy başpena soramakçy eken.

Tussag edileniň ýa Gyrgyzystana getiriljekdigini ýa-da onuň Britan sudunyň öňünde jogap bermeli boljakdygyny Wagtlaýyn hökümetiň wekili Azimbek Beknazarow aýtdy.

Öňki prezidentiň ogluny hem beýleki garyndaşlaryny täze gyrgyz häkimiýetleri korrupsiýada aýyplaýar.
XS
SM
MD
LG