Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

BMG-niň Baş sekretary Gyrgyzystana wekil ýollaýar


BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşi düýn gyssagly geçiren konsultasiýalarynda Gyrgyzystandaky zorluklary ýazgardy hem gan döküşligi bes etmäge çagyrdy.

BMG-niň Baş sekretary Ban Ki-Mun ýurda ýörite wekil ýollaýar.

Gyrgyzystanyň günorasyndaky bidüzgünçiliklerde heläk bolanlaryň sany 170 adama ýetdi. Ýerli “AKI press” agentliginiň Gyrgyzystanyň Saglygy saklaýyş ministrligine salgylanyp berýän habaryna görä, jebir çekenleriň sany 800 adamdan geçýär.

Düýn Jelalabad welaýatynda hem Oş şäherinde ýerli häkimiýet wekilleri bilen özbek jemgyýetiniň wekilleri konflikti kadalaşdyrmak boýunça gepleşikler geçirdi.

Azatlyk Radiosynyň habarçysynyň berýän habaryna görä, Oş şäherinde aýry-aýry ýaragly çaknyşyklar bolur dur, esasan, özbek kwartallarynda birnäçe jaý ýanýar.

Düýn şeýle-de özbek häkimiýetleri goňşy Gyrgyzystandan gelýän bosgunlaryň sanynyň aşa köpdügi üçin olaryň ählisini serhetden geçirip bilmeýändigini aýdyp, serhedi ýapdy.

Özbegistana geçmekçi bolýan bosgun Rasulow Azatlyk Radiosyna telefon arkaly şeýle gürrüň berdi: “Biz Ozbegistan bilen serhetde durus. Men tükeniksiz adam nobatyny görýärin. Diňe 2-3 gün mundan öň serhetden geçmäge rugsat berdiler. Dyknyşykda, basgyda adamlar ölýär. Geçilýän korridor juda dar. Hemmeler itnişýärler. Garrylar, aýallar, çagalar aýak astyna düşýärler. Özbek serhetçileri aram-aram serhedi ýapýarlar. Adamlar ýerde oturyp gijelerini geçirýärler”.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy serhetden geçmek üçin bu ýere ýygnanan etnik özbekleriň sanynyň 15 müň adamdygyny habar berdi.

Özbek häkimiýetleri Gyrgyzystandan eýýäm 45 müň adamyň Özbegistana gelendigini aýdýar. Halkara Gyzyl Haç guramasynyň maglumatyna görä, olaryň sany bärsinden 75 müň adam.

Gyrgyzystanyň günortasyndaky ýagdaýy kadalaşdyrmak üçin Kollektiwleýin howpsuzlyk şertnamasy guramasyna gatnaşyjylar Gyrgyzystana awiasiýa, tehnika hem transport kömegini berer.

Gyrgyzystanyň Howpsuzlyk Geňeşiniň sekretary Alik Orozow duşenbe güni geçirilen konsultasiýalarda şeýle karara gelnendigini habar berdi.

Moskwada Gyrgyzystana parahatçylyk dörediji güýçleri girizmek mümkinçiliginiň maslahat edilendigi öň habar berlipdi.
XS
SM
MD
LG