Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Günorta Kawkaz we Moldowa ünsden düşýär


Ýewropa Bileleşiginiň daşary syýasat boýunça resmisi Katrin Aşton

Ýewropa Bileleşiginiň daşary syýasat boýunça resmisi Katrin Aşton

Ýewropa Bileleşiginiň daşary syýasat boýunça resmisi Katrin Aştonyň öňe süren teklibine görä, 31-nji awgustda guramanyň Günorta Kawkaz we Moldowa boýunça ýörite wekilleriniň wezipeleriniň ýatyrylmagy mümkin.

Şeýle ädim Ýewropa Bileleşiginiň Günorta Kawkaz we Moldowanyň Transdnestr regiony boýunça hereketlerini çäklendirer. Şol bir wagtda-da bu regionlaryň Brýusseliň Moskwa bilen gepleşikleriniň temasy bolmagyna garaşylýar.

Ýewropa Bileleşiginiň käbir gündogar ýewropaly agzalarynyň bildiren närazylygyna garamazdan, K.Aştonyň plany kabul ediljege meňzeýär.

Resmi taýdan Ýewropa Bileleşiginiň Günorta Kawkaz we Moldowa boýunça ýörite wekilleriniň wezipeleriniň ýatyrylmagy Bileleşigiň Lissabon ylalaşygyna laýyklykda diplomatik apparatyny çäklendirmek çäreleriniň çäginde amala aşyrylýar.

Bu mesele Ýewropa Bileleşiginiň Daşary işler ministrleriniň 14-nji iýunda Lýuksemburgda geçirýän duşuşygynyň gün tertibinde durmasa-da, oňa Ýewropanyň daşarky hereketler boýunça gullugynyň döredilmegi meselesiniň düzüminde garalýar.

Ýewropanyň daşarky hereketler boýunça gullugy ÝB-niň daşary syýasat boýunça wekillerini Brýusselde bir ýere jemlemegi göz öňünde tutýar.

Daşary işler ministrleriniň Günorta Kawkaz boýunça deklarasiýany kabul etmeklerine garaşylýar, emma şol bir wagtda-da Ýewropa Bileleşiginiň ýörite wekilleriniň wezipelerini ýatyrmak meselesiniň açyk maslahat edilmejegi hem çak edilýär.

Aştonyň teklibine reaksiýa

Geçen hepdede Ýewropa Bileleşiginiň, esasanam Gündogar Ýewropa döwletleriniň Daşary işler ministrleriniň ençemesi, Günorta Kawkaz boýunça ýörite wekil wezipesiniň ýatyrylmagyna garşy çykyp, Katrin Aştona hat bilen ýüzlenipdi.

Mesele 14-nji iýunda Skandinawiýa we Baltika döwletleriniň ministrleriniň Ýewropa Bileleşiginiň duşuşygynyň öň ýanyndaky adatdaky ertilik naharynyň başynda ýene gozgaldy. Emma çinownikleriň resmi bolmadyk derejede boýun almaklaryna görä, bu meselede garşylyk bildirilmegi netije bermejege meňzeýär.

Ýewropanyň daşary işler boýunça gullugynyň işläp başlamagy üçin bu Ýewropa Parlamentinde tassyklanmaly. Emma bu proses Ýewropa parlamentiniň öz ygtyýarlyklaryny giňeltmek boýunça alyp barýan tagallalary nukdaýnazaryndan azyndan iýul aýyna çenli uzaga çekip biler. Şeýlelikde Ýewropanyň daşarky hereketleri boýunça gullugynyň 2011-nji ýylyň 1-nji ýanwaryna çenli doly işlemek ukybyna eýe bolmajagy çak edilýär.

Ýörite wekilleriň ygtyýarlyklary

Emma ÝB-niň Günorta Kawkaz we Moldowa boýunça ýörite wekilleri Piter Semnebiniň we Kalman Miszeiniň ygtyýarlyklarynyň möhleti 31-nji awgustda dolýar. Katrin Aştonyň teklibinde olara gysga möhletleýin mandatyň berilmegi göz öňünde tutulmaýar.

Ýewropa Bileleşiginiň agza döwletleri bu meselä uly problemanyň diňe bir bölegi hökmünde garaýarlar. Bileleşigiň öz diplomatik jogapkärçiligini Brýusselde jemlemek boýunça alyp barýan tagallalarynyň ters netije bermegi-de ähtimal. Aýratynam bu Günorta Kawkaza degişli.

Piter Semnebi regionda maglumat toplamak we ýerli ýolbaşçylar bilen gepleşik geçirmek ugrunda ep-esli wagtyny sarp edip, Ýewropanyň borçnamalarynyň ýerine ýetirilmeginiň simwoly hökmünde iş alyp bardy.

Ýewropanyň daşarky hereketler boýunça gullugynyň döredilmegi bilen region boýunça ýörite wekili wezipesi ýatyrylyp, onuň funksiýalarynyň Brýusseldäki býurokratlara tabşyrylmagy Orsýete deňagramlylyk syýasatyny ýöredýän Ýewropa Bileleşiginiň regionda gazanan balansyna zeper ýetirip biler.

Katrin Aştonyň öňe süren teklibi ýakynda Germaniýa bilen Orsýetiň arasynda gatnaşyklaryň dikeldilmegine hem bagly bolup biler.

5-nji iýunda kansler Angela Merkel we Dmitriý Medwedew tarapyndan memoranduma gol çekilip, krizis meselelerini çözmek boýunça ÝB bilen Orsýetiň arasynda sayýasy we howpsuzlyk komitetini döretmek teklibi öňe sürüldi. Teklipde Gürjüstan agzalman, esasy üns Moldowa gönükdirildi.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG