Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gyrgyzystanda heläk bolanlaryň sany artýar


BMG-niň wekili Nawy Pillaý Oşda ýüze çykan zorluklarda ilatyň goragyny üpjün etmek meselesinde gyrgyz häkimiýetlerini eglenmezden hereket etmäge çagyrdy.

Bu çagyryşda Gyrgyzystanyň günortasyndaky etniki konflikti belli bir ýaraglanan toparlaryň bilkastlaýyn gurnandygy aýdylýar.

Gyrgyzystanyň Saglyk ministrliginiň beren maglumatlarynda bu wakalarda heläk bolan adamlaryň sanynyň 176 adama barandygy aýdylýar. Ýaralananlaryň sany 1700-den gowrak.

Ýerli etniki özbekleriň we Gyzyl Haç guramasynyň beren maglumatlarynda heläk bolanlaryň sanynyň has ýokarydygy aýdylýar.

BMG-niň ýörite wekili Miroslaw Ýença özbek resmilerine salgylanyp, özbek-gyrgyz serhedinde ýygnanan bolsgunlaryň sanynyň 75 müňe golaýdygyny aýtdy.

Ýakyn wagtda bosgunlaryň sanynyň 100 müňe barjakdygy çaklanýar.

Gyrgyzystanyň wagtlaýyn hökümetiniň ýolbaşçysy Roza Otunbaýewa 15-nji iýunda Bişkekde eden çykyşynda ýurduň günortasyndaky ýagdaýyň kadalaşdyrylandygyny mälim etdi.

Şeýle hem Roza Otunbaýewa Oşdaky wakalara garamazdan ýurtda geçirilmeli referendumyň wagtynyň üýtgedilmejekgini belledi.

Sişenbe güni Ýewropada howpsyzlyk we hyzmatdaşlyk gurmasynyň Hemişelik geňeşiniň gyrgyz meselesi bilen bagly geçiren duşuşygynda Oşdaky ýagdaý boýunça adala bildirilip, bu gurama girýän 56 ýurduň Gyrgyzystandaky zorlugy ýatyrmak ugrunda eglenmezden hereket etmelidigi aýdyldy.

16-njy iýunda Gyrgyzystanda Oşdaky ganly wakanyň pidalarynyň hatyrasyna matam güni yglan edildi.
XS
SM
MD
LG