Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýran: “ÝB-niň sanksiýa girizmek baradaky karary ýalňyşlyk”


Eýran Ýewropa Bileleşiginiň özüne garşy girizjek goşmaça sanksiýalaryny “ýalňyş we logika gabat gelmeýär” diýip atlandyrdy.

Bu barada 15-nji iýunda Eýranyň Daşary ışler ministrliginiň metbugat wekili aýtdy.

Duşenbe güni ÝB ýurtlarynyň daşary işler ministrleri Lýuksemburgda bolan duşuşykda söwda, bank, ätiýaçlandyryş ugurlaryna, deňiz we howa transportlary arkaly Eýrandan getirilýän ýüklere sanksiýa girizmek barada ylalaşdyrlar.

Eýrana berilýän tehnologiýa kömegine hem çäklendirme girizmek kararyna gelindi. Mundanam başga Eýranyň nebit-gaz senagatyna täze inwestisiýa gadagan edilýär.

Sanksiýa girizmek barada gutarnykly karara 17-nji iýunda Ýewropa Bileleşiginiň Brýusselde açylýan sammitinde gelner diýlip garaşylýar.
XS
SM
MD
LG