Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Gandagar welaýatynda etrap häkimi heläk boldy


Owganystanyň günortasyndaky Gandagar welaýatynda etrap häkimi, onuň ogly hem başpenasy häkiminiň öýüniň ýanynda goýlan içi minaly maşyn partlanda heläk boldy.

Ýurduň prezidenti Hamyt Karzaý bu hüjümi ýazgardy.

NATO-nyň baştutanlygyndaky halkara güýçler “Talyban” hereketiniň daýanç nokady hasap edilýän Gandagar welaýatynda ýakyn günlerde talyplaryň garşysyna uly möçberde operasiýa geçirmegi planlaşdyrýar.
XS
SM
MD
LG