Sepleriň elýeterliligi

Prezident Obama telewideniýe arkaly halka ýüzlendi


ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama ýurduň taryhynda iň uly ekologik betbagçylyk bilen bagly telewideniýe arkaly halka ýüzlenmesinde Meksikan aýlagyndaky çykyp duran nebite garşy bar serişdeler bilen jebir çeken regionyň doly dikeldilmegi üçin näçe wagt gerek bolsa, ABŞ-nyň şonça wagtlap göreşjekdigini aýtdy.

Obama şeýle-de öz administrasiýasynyň British Petroleum kompaniýasyndan ýetirilen zyýanyň öwezini dolmagy talap etjekdigini nygtady.

Meksikan aýlagynyň suwuna akyp duran nebitiň möçberi baradaky sanlary şu gün amerikan häkimiýetleri iki esse artdyrdy.

Täze maglumatlara görä, suwa goşulýan nebitiň möçberi 35 müň däl-de, 60 müň barrel.

British Petroleum kompaniýasynyň spesialistleri şol nebitiň belli bir bölegini az mukdarda gämilere ýygnaýarlar.
XS
SM
MD
LG