Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Polşa 2013-nji ýyla çenli goşunlaryny Owganystandan çykarar


Polşa 2013-nji ýyla çenli öz goşunlaryny Owganystandan çykaryp biler diýip, Polşanyň goranmak ministri Bogdan Klih aýtdy.

Onuň sözlerine görä, polýak harbylary Gündogar welaýat Gaznada howpsuzlyga gözegçiligi eýýäm geljek ýyldan owgan güýçlerine tabşyryp ugrar.

2500 harbyny Owganystandan çykarmak Polşada prezident saýlawlarynyň öň ýanyndaky kampaniýada esasy temalaryň biri boldy. Soňky günler Owganystanda iki polýak harbysy öldi.

Polşada prezidentlige esasy kandidatlaryň biri Bronislaw Komorowskiý 20-nji iýunda boljak saýlawlarda ýeňiş gazansa, polýak kontingentiniň Owganystany terk etjekdigini aýtdy.
XS
SM
MD
LG