Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gyrgyzystanda çaknyşyklarda wepat bolanlar üçin matam güni


Gyrgyzystanda şu gün ýurduň günortasyndaky etnigara çaknyşyklarda wepat bolanlar zerarly matam güni yglan edildi.

Ýurduň Saglygy saklaýyş ministrliginiň soňky maglumatyna görä, Oş hem Jelalabad welaýatlarynda gyrgyzlar bilen özbekleriň arasyndaky çaknyşyklarda ölenleriň sany 180 adam töwregi, jebir çekenler 1800 gowrak.

Halkara Gyzyl Haç guramasynyň maglumatyna görä, ölenler birnäçe ýüz adam.

Özbek häkimiýetleri Gyrgyzystandan gaçyp, Özbegistana gelen bosgunlaryň sanynyň 75 müň töweregi adamdygyny düýn mälim etdi.

Ýagdaýyň ýuwaş-ýuwaşdan kadalaşýandygyny, zorluklaryň azalýandygyny gyrgyz häkimiýetleri habar berýär.

Regiona gumanitar kömek gelip başlady. Ýardam edýän ýurtlaryň arasynda Orsýetem bar.

ABŞ-nyň Goranmak ministrligi amerikan harbylarynyň Oş şäheriniň bosgunlary üçin “Manas” awibazasyndan suw, azyk hem ýangyç daşaýandygyny habar berdi.

Düýn ÝHHG Gyrgyzystandaky wakalara uly alada bildirdi we tertip-düzgüni dikeltmek üçin kömek bermäge taýýardygyny aýtdy.

BMG-nyň adam hukuklary boýunça edarasy etnik esasda adam pidalarynyň soňuna nokat goýmak üçin aýgytly çäreler görmäge Bişkegi çagyrdy.
XS
SM
MD
LG