Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Lebaplylar Berdimuhamedowa minnetdarlyk bildirdi


Türkmenistanyň prezidentiniň adyna Lebap welaýatynyň ýaşaýjylarynyň bir toparynyň we jemgyýetçilik guramalaryň ýolbaşçylarynyň ýollan hatynda Gyrgyzystanda okaýan türkmen studentleri barada eden atalyk aladasy üçin, ýörite uçar reýslerini gurnap, olary watana alyp geleni üçin Gurbanguly Berdimuhamedowa minnetdarlyk bildirilýändigini türkmen metbugaty ýazýar.

Häzirki wagta Gyrgyzystanyň Oş şäherinde okaýan türkmenistanly studentleriň 300-e golaýy ýörite reýsler bilen Türkmenistana äkidildi, galan 400-e golaýy awtobuslar arkaly Oş regionyndan alnyp gaýdyldy.
XS
SM
MD
LG