Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Studentler Özbegistanyň üsti bilen Türkmenistana bararlar


Oş tehnologik uniwersitetiniň rektory, professor Abduwali Toktamatow Azatlyk Radiosyna şu gün irden beren interwýusynda bu uniwersitetde türkmenistanly 150 studentiň, uniwersitetiň ýanyndaky kollejde 120 studentiň okaýandygy aýtdy.

“Olary ýygnap, aeroporta eltdik. Häzir aeroportda 350 töweregi türkmenistanly student bar. Şu gün Türkmenistanyň Özbegistandaky ilçisiniň serhede gelýändigi barasynda ministrlikden maglumat aldyk” diýip, Toktamatow aýty.

Häzirki wagta Gyrgyzystanyň Oş şäherinde okaýan türkmenistanly studentleriň 300-e golaýy ýörite reýsler bilen Türkmenistana äkidildi, 400-e golaýy awtobuslar arkaly Oş regionyndan alnyp gaýdyldy.

Uniwersitetiň rektorynyň aýtmagyna görä, galan studentler Özbegistanyň üsti bilen Türkmenistana ugradylar.

Oş tehnolgik uniwersitetiniň rektory Abduwali Toktamatow sentýabr aýynda türkmenistanly studentleriň Gyrgyzystana gelip, okuwlaryny dowam etdirjekdiklerine ynam bildirdi.
XS
SM
MD
LG