Sepleriň elýeterliligi

Türkmen studentleri ýurda dolanýarlar


Adam hukuklaryny goraýan Halkara Human Rights Watch guramasynyň Gyrgyzystandaky wekili Andreýa Bergeriň aýtmagyna görä, Oşda zenanlara we çagalara zorluk edilipdir. Berger heläk bolanlaryň sany hem resmileriň berýän maglumatlaryndan köp diýýär.

Türkmenistan hem bu ýutdan öz raýatlaryny çykarmak üçin alada edýär. Türkmen Howa Ýollary Gyrgyzystana uçarlaryny iberdi. Synçylar we Türkmenistanyň ýaşaýjylary türkmen häkimiýetleriniň bu çärelerine gowy baha berdiler.

Häzir Oşdaky studentleriň yza galanlary Türkmenistanyň Özbegistandaky ilçihanasynyň kömegi bilen Oşdan çykarylýarlar.

Azatlyk Radiosynyň Germaniýadaky habarçysy Taher Shir Mohammadi tarapyndan taýýarlanan “Ýaşlar” programmasynda türkmen studentleri üçin Gyrgyzystanda dörän kynçylyklar barada dürli maglumatlar berilýär.

“Ýaşlar” gepleşigini diňlemek üçin sag tarapda ýerleşdirilen audio düwmäni basyň.

Degişli makalalar

XS
SM
MD
LG